BIZNES

“Alibaba” kompaniýasyndan kriptowalýuta karary

Hytaý döwletiniň kriptowalýutany çäklendirmek babatdaky çözgüdinden soňra ýurduň elektron söwda ägirdi “Alibaba” kompaniýasy degişli beýannama çap etdi. Düýbi Hytaýda ýerleşýän bu kompaniýa, Hytaý Halk Bankynyň çäklendirmelerini ýerine ýetirmek üçin 8-nji oktýabrdan başlap, kriptowalýuta söwdasyny amala aşyrmajakdygyny habar berdi.

Hytaýyň elektron söwda ägirdi wirtual walýuta bilen baglanyşykly kanunlaryň we düzgünleriň durnuksyzlygyny göz öňünde tutýandygyny, kriptografik walýuta almak üçin islendik okuw gollanmalaryny, strategiýalaryny we programma üpjünçiligini satmagyň hem gadagan ediljekdigini aýtdy.

 

11-nji Merkezi Aziýa söwda forumy

Related posts

Türkmenistan–Gruziýa: nebit önümleriniň eksporty artýar

Ata Watan Eserleri

“Bagtyýar” paromy Russiýa ugrady

Türkmen-belarus hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri