TEHNOLOGIÝA

Altyndan ýasalan “iPhone”

ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasynyň “iPhone” smartfony altyndan ýasaldy. Kompaniýanyň soňky smartfony bolan “iPhone 13 Pro Max” telefony altyndan ýasalyp, müşderilere hödürlendi.

50 müň dollar bahasy bolan bu telefon 18 karat altyndan ýasaldy. “Total Gold” ýörite seriýasy kaşaň şaý-sepler kompaniýasy “Caviar” tarapyndan taýýarlandy we bary-ýogy 99 sanysy öndürildi.

Şeýle-de, “Total Gold” telefonynyň hatarynda birnäçe “iPhone 13” dizaýny bar. Iň pes ýat kuwwaty bolan modeliň bahasy 42 müň 390 dollar, “IPhone Pro Max” -yň bahalary 48,804 dollardan başlaýar.

Telefonlarda dürli nagyşlar hem-de bezegler göz öňünde tutulypdyr. Olar hem telefonyň özüne çekijiligini has-da ýokarlandyrýar.

 

“Alibaba” kompaniýasyndan kriptowalýuta karary

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi