DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Owganystanda gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar, Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, şeýle hem OYR-nyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi, Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň Baş direktory Ýamma Şams, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika holdinginiň Baş ýerine ýetiriji direktory Ahmad Daud Nurzaý bilen duşuşyklary geçirildi.

Söhbetdeşlikleriň çäklerinde iki goňşy ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň giň toplumyna seredilip geçildi. Şonuň ýaly-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi babatynda pikirler alyşyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi