TEHNOLOGIÝA

“Samsung” täze tehnologiýalaryny görkezer

“Samsung” kompaniýasy täze ýyla adatça, täze görnüşli telewizoryny yglan etmek bilen başlaýar. Kompaniýa täze tehnologiýalaryny, täze önümleri hödürlemek üçin “The First Look 2021” çäresini geçirer. 11-nji ýanwarda geçiriljek innowasiýa global platformasynyň sergisinden öň, “Samsung” kompaniýasy 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarda akylly telewizorlaryny görkezer. Bu çärede kompaniýa “MicroLED”, “Mini-LED”, “4K we 8K QLED” ekranly täze telewizorlaryny hödürlär. “Samsung” kompaniýasy geçiriljek bu çärede täze tehnologiýalary ulanýan akylly telefonlaryny, noutbuklaryny we planşetlerini görkezmegine garaşylýar. Ýaňy-ýakynda täze öndürilijek “Samsung Galaxy S21” akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasy 12-nji ýanwarda geçirjekdigi barada habar berilipdi. Umuman aýdanymyzda ýanwar aýynda Günorta Koreýanyň kompaniýasy iki gezek tanyşdyrylyş dabarasyny gurnap hem biler.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar