SIZDEN GELENLER

  23-nji noýabr – Bütindünýä akwarel güni

          Islendik adam öz başarnygyna görä surat çekip biler, emma ony akwarel usulynda  ussatlyk bilen   çekmek her kime başardanok. Çünki ol inçe we üýtgeşik sungat.

Bu üýtgeşik sungaty bütindünýäde  bellemeklik, meksikaly suratkeş Alfredo Guati Roho (1918-2003ý)  tarapyndan ýola goýulýar. Ol dünýäniň meşhur akwarel suratkeşi bolmak bilen, dünýäniň  gözelligini, ajaýyplyklaryny  täsirli  suratlandyrmakda surat çekmekligiň  akwarel usulynyň  güýjüne  ynanýan adam hökmünde 1991-nji ýylda bellenilmegine  badalga berip, her ýylyň  23-nji noýabrynda Bütindünýä akwarel gününi geçirmegi teklip edýär.

Onuň tagallasy bilen, XX asyryň II ýarymynda akwarel usulynda surat çekmeklige bolan gyzyklanma täzeden janlanýar. Ol ilki bilen Meksikanyň akwareller jemgyýetini soňra Akwarel muzeýini  esaslandyryp,  şuňa meňzeş  jemgyýetleriň başga ýurtlarda döremeginde we onuň dünýä ýaýramagynda özüniň goşandyny goşýar.

Akwarel sungatynyň taryhynda möhüm waka, II asyrda Hytaýda kagyzyň oýlanyp tapylmagy bilen surat çekmekde we çyzgylary çyzmakda ulanylmagy, onuň döremeginiň ilkinji ädimi bolýar. Bu surat usuly Ýewropada XVII asyrda giç döreýär.

“Akwarel” sözi fransuz we italýan dilerinden gelip çykyp, rus dilinden terjime edilende “suwly” manysyny berýär. Onuň ady surat usulynda ulanylýan reňkleriň görnüşlerini görkezýär.Olar suwda ereýän maddalara ösümlik ýelimlerine esaslanýan baýaglardyr. Şeýle boýaglaryň ulanylmagy, suratyň ýeňil we howaýy görnüşde çekilmegine  we netijeli täsir galdyryjy suraty döretmäge mümkinçilik berýär.

Akwareller üçin iň gowy kagyz watman kagyzy we bristolskiý karton ýerlikli bolýar. Akwarel reňkinde ulanylýan boýaglara gaýdyp gelsek, onda  suwda ereýän ýelim bazasyndan we boýagdan başga-da, boýag plastikligini üpjün edýän, kagyz ýüzüniň örtülmeginiň öňüni alýan maddalary öz içine alýandygyny bellemelidiris.

Akwarel usulynda surat çekýän häzirki zaman  suratkeşleri diňe bir akwarel boýaglaryny we çotgalaryny däl,  eýsem suratyň inçe elementlerini we  kyn böleklerini işlemek üçin akwarel galamlaryny ulanýarlar.

Bu usulda işlän suratkeşleriň arasynda A.Dürer, Wan Deýk, K.Lorren, J.Kastilion aýratyn aýtmak bolar.  XVIII asyryň ahyrynda akwarel  Angliýa ýaýraýar. Başda höwesjeňleriň arasynda soňra ussat suratkeşleriň gurşawynda ulanylyp başlanýar. Tiz wagtdan Angliýada professional akvarel suratkeşleriniň tutuş bir galaktikasy peýda bolýar. Olaryň  arasynda   U. Týorner, D.Koks, S. Praut  we başgalar degişli.

XIX asyrda ol Ýewropada, ABŞ-da we Russiýada giňden ýaýraýar. Şol döwürde suratkeşleriň köpüsi döredijiliginiň bir bölegini ýa-da tutuş bölegini akwarellere bagyşlaýarlar. Russiýada akwareller jemgyýeti 1887-nji ýylda peýda boldy, ýöne 1917-nji ýyldaky wagtlaýyn ýatyrylýar. Emma 1998-nji ýylda onuň täzeden döremegi, “Sankt-Peterburgyň akwarel jemgyýeti” peýda bolmagy sebäp bolýar. Häzirki wagtda Russiýada S. Andriyaka akvarel akademiýasy we mekdebi hereket edýär.

Düzgün bolşy ýaly, Bütindünýä  Akwareller gününiň öňüsyrasynda, Akwarel jemgyýetleriniň gönüden-göni gatnaşmagy bilen bu gyzykly surat usulynda işleýän suratkeşleriň çeken suratlarynyň sergileri  gurnalýar. Dünýäniň dürli şäherlerinde geçirilýän bu gün suratkeşleriň çeken zähmetini hormatlamak bilen olaryň suratlarynda siňdiren döredijiligine ýokary baha bermek bilen bütindünýäde guramçylykly bellenilip geçirilýär.

 

Gözel EMINOWA,

                                    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

             Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl  talyby.

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk