DÜNÝÄ

“Gallup”: Türkmenistan iň howpsuz ýurt

Halkara “Gallup” barlaglar instituty tarapyndan çap edilen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan 100 bala deň bolan ballaryň 97-sine eýe bolup, Singapur bilen bilelikde birinji orny paýlaşdy. Halkara institut kanun we tertip indeksini düzdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde hem habar berildi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň bitarap hukuk derejesi ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrýar we Ýer şarynda parahatçylygyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýar.

Halkara metbugatynyň maglumatyna görä, halkara guramanyň sanawynda Hytaý 94 bal bilen üçünji boldy. Dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň ilkinji onlugynda Islandiýa, Kuweýt, Norwegiýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Özbegistan we BAE ýaly ýurtlar orun aldy.

Kanunlylyk we tertip indeksi düzülende adamlaryň polisýa bolan ynamy esasynda şahsy howpsuzlygy, soňky ýylda kanun bozulmalaryň möçberi ýaly ugurlar göz öňünde tutuldy.

Halkara guramanyň soňky hasabatynda Türkmenistanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi