ATAWATAN ESERLERİ

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi.

Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.”

Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir edýäň?”

D: “Senden bir zatlary soramak isleýärin emma sorajagymy ýa-da soramajagymy hem bilemok.”

Ş: “Durma, sora arkaýyn!.”

Döwlet Şatlyga kararsyz bir şekilde seretdi.

D: “ Maňa öwreden sapaklaryň barada däl emmä örän bilmek isleýän zadym. Sen maňa düşündirip bilermiň?”

Ş: “ Belkide aşyk bolmak näme we ol duýgy nähili bolýandygyny öwrenmek isleýändirsiň?”

Döwlet soraga jogap hökmünde başyny sallady. Şatlyk biraz wagt ümsümligi saklady we düşündi.

Ş: “Hakykatdan hem möhüm bir sorag berdiň. Yşk söz bilen düşündirip bolmajak derejede emma önürti meniň yzym bilen gel” diýdi.

Şatlyk Döwledi günüň parlap duran ýerine äkitdi. Ýagny Günüň şöhlesine hiç bir zat böwet bolup bilmejek açyk meýdana getirdi. Şatlyk elindäki ýanyp duran şemi güne tarap tutdy.

Ş: “ Şemdäki oduň ýanyp ýa-da ýanmadygyny görýäňmi?”

D: “Ýok”

Günüň şöhlesi şeýle bir nur saçýady hat-da şemdäki ýanyp duran ot hem görünenokdy.

Ş: “Seret”

Şatlyk şol wagty ýanyp duran şeme pagta bölejigini uzadan badyna ot aldy.

D: “Bu hadysanyň söýgi bilen näme arabaglanşygy bar?” Şatlyk bolsa bu ýagdaýy düşündirmedi.

Ýerdäki ösýän otlaryň birini gysyp suwuny Döwledin barmaklaryna çaldy.

Ş: “Tagamyny dadyp gör”

Döwlet suwuň degen barmaklaryna dilini degiren badyna ýüzi üýtgäberdi.

D: “ Ajy we turşy”

Şatlyk Döwledi bir kölüň gyrasyna äkidip ellerini ýuwmagyny aýtdy.

Ş: “Indi bolsa suwuň tagamyny barla, barmaklaryňda ajy we turşy tagamy galdymy?”

D : “Ýok emma bularyň söýgi bilen näme arabaglanşygy bar? Men düşünemok.”

Şatlyk ýenede belli bir jogap bermedi we Döwledi tokaýyň has gür ýerine alyp gitdi.

D: “Maňa hakyky söýgi  barada gürrüň berjekdiň. Ähli görkezen zatlaryň söýgi bilen näme baglanşygy bar. Men düýbünden düşünemok”.

Ş: “ Diňle. Güne garşy tutan ýanyp duran şemiň hem söýgüniň güýjine bäs gelmän erär. Eliňi kölüň suwuna ýuwanynda açy we turşy tagamyň ýitip gidişi ýaly durmuşyň açysy hem söýgi bilen garyşanda süýji we lezzetli suwa öwrüler. Söýginiň güýji hakykatyň güýjüdir. Söýgi sözi dürli maksatlarda ulanylýar emma bu duýgy ähli ýowuzlyklary ýok edip diňeje asyl hakykatlary orta çykarýar. Gorkdugyňça söýüp bilmersiň” diýip Döwledi duýdurdy.

D: “Onda haçan söýüp bilerin, bu duýgyny duýup bilerin?”

Ş: “ Ynha işiň asyl meselesi şu, kalbyňda arassa söýgi bolmasa hem seniñ hem söýgüde paýyň bar. Şol söýgi sen nirede bolsaň hem tapar”.

Şatlyk soňra bolsa sözüni dowam etdi:

  • “ Söýgi erbetlikleri ýok etmek üçin duýgularyň ilkinjisi bolup hereket edýär. Söýmeýän adam ýokdur, söýgüni duýup bilmeýän adam bardyr. Görünmeýän we ebedi bolan söýgi ähli duýgulardan hem iň güýçlisidir. Söýgi hiç hili diýdim zorluk ulanmazdan herkimi özüne çekýär. Söýgi hasrat çekilen wagty hem akyldan daşarda öz wezipesini dowam edýär. Söýgüniň güýji bilen islendik duýgyny deňeşdirseň hem üstün gelýändir.

Durmuşdaky hakyky güýç ynsanyň içki dünýäsinden gelýän güýçler hasaplanylýar. Dünýäde diňeje içki dünýäň bilen seredeniňde gorkmazdan ýaşap bilýäň.

Söýgi bilen baglanyşykly adamlaryň örän köp bilmeýän çeşmeleri bardyr, syrlar bardyr. Söýülmek üçin ilki söýmegiňiz gerek. Biriniň sizi hakykatdan hem söýýänine göz ýetirmek isleseňiz siz hem ony bar güýjüňiz bilen söýmeli. Birini söýmek üçin bolsa ilki özüňizi söýmäni öwrenmeli”.

D: “Bular açyk aýdyň belli. Onda näme üçin adamlar şu aýtýanlaryňy edenoklar?”

Şatlyk şeýle jogap berdi:

  • Içiňizdäki söýgüni daşyňyza çykarmaly, içki dünýäňizdäki söýgüni saklaýan gorky, gahar, aljyramak ýaly duýgular bilen baş-başa goýmaly. Söýgä ýakynlaşmagyň ýalňyş ýa-da dogry ýoly ýokdur.”

Şatlygyň bu aýdanlary umytsyz suw gözleýän balyga meňzeýärdi.

Daşky-gurşawymyzda hiç hili söýgi ýok ýaly bolup biler emma ynsany söýgüden kem eden daşky-gurşaw däl, onuň içki dünýäsidir.

Biziň bu durmuşa, ýaşaýşa nähili göz bilen seretmegimizdir. Içgi dünýämiziň durmuşa bolan garaýşy erbet bolsa, durmuş hem erbet görnüşde görüner bize. Görünýän erbetlikleri aslynda gözümiz görenok, içgi dünýämiz görýär, sebäbi içgi dünýämiz gözlerimiz kör eden.

Söýginiň durmuşyňyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülmegini isleýän bolsaňyz hakyky söýgüni şu wagtdan duýmana, tanamana çalyşyň. Köpümiz söýgüni birine bolan duýgy, söýýänligimizi duýdurýan bir yşarat, güýç we keýp, energiýa berýän bir çeşme hökmünde düşünýäris. Bularyň barysy hakyky söýgüni aňlatmaýar, olar hakyky söýgüni düşündirmäne ýeterlik däl.

Siziň söýgi diýen bäş harpdan ybarat sözüňiz wagtlaýyn geler we gider. Bir arzuwdan beýleki bir arzuwa göçüm eder. Arzuwlaryňyz amala aşmadygynda bolsa söýgüňiz gahar-gazaba öwrüler. Hakyky söýgi bolsa hiç zada öwrülmez we ol hiç bir duýga hem öwrülmez sebäbi ol başdan aýak duýgy däldi.

Ähli ýalan söýgiňiz sizi terk edende ardyndan näme galar? Terk edilendigiňi bilen günüň, jogaby ýüze çykmana başlar. Edil şol wagty ýalan we hakyky söýgüniň tapawudyna düşünersiňiz.

Güljemal Ilgeldiýewa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinin ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri