Watansyz milleti göz öňüne getirip bolmaz. Watana bolan söýgi millet bolmak aňy bilen bilelikde ýaşaýan duýgudyr. Milletleri ýaşadýan we jemgyýetde agzybirligi üpjün edýän ahlak gymmatlyklarynyň biri, şübhesiz, watan söýgüsidir. Ata-babalarymyz dünýäniň iň owadan we hasylly ýerlerini öz watany hökmünde saýlap, bize miras goýup gidipdirler. Watan, bir milletiň özbaşdak ýaşaýan topragydyr. Watan söýgüsi, beýleki tarapdan, zerur bolanda janyny berip, hemme zatdan ýüz öwürip boljak iň asylly we belent söýgi. Ähli şertlerde watan üçin söweşmek we goramak watana bolan söýgüni görkezýär. Taryhda ata-babalarymyz bu watanyň hatyrasyna söweşip, janyna kast edip, duşmanlardan gorapdyrlar. Muňa mysal hökmünde Gökdepe söweşini görkezip bolar. Olar bu söweşde Rus goşunyna garşy uly gaýtawul beripdirler. Türkmenler örän mertlik bilen galany gorapdyrlar. Galany goraýjylara Berdimyrat han ýolbaşçylyk edipdir. Aýgytly söweşde köp adamlar mertlerçe wepat bolupdyrlar. Rus goşunlary uly ýitgiler çekip galany eýeläp bilmän, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. General Lomakin özüniň habarynda “Türkmenler gaýduwsyz garşylyk görkezipdirler, iň gowy Ýewropa goşunlaryça bar” diýmäge mejbur bolýar. Şeýle hem ol türkmenleri satyn alyp bolmaýanlygy, olaryň içinde dönükleriniň ýokdugy barada aýtýar. Bu harby şowsuzlyk Patyşa häkimiýeti üçin örän uly masgaraçylykdy. Ondan çykmak üçin 1880-nji ýylda ikinji Ahal-teke harby ýörişini geçirmäge taýýarlyk görlüp başlanýar. Ýörişiň baştutany edilip general Skobelew bellenilýär. Ol harby ýörişe örän ykjam taýýarlanýar, uly goşun bilen dürli ýaraglary aýratyn hem toplary, ok-därilerini köp alýar. Türkmenistanyň jümmüşine aralaşyp, rus goşunlary obalary talaýarlar, daýhanlara ekin ekmäge we hasyl ýygnamaga, mal bakmaga ýol bermeýärler. 1880-nji ýylyň iýun aýlarynda Skobelew ýurdy Gökdepä çenli tozdurdyk diýip habar berýär. Gökdepe galasynyň goraýjylary hem taýýarlyk görüpdirler. Ýene-de galanyň gabawy uzaga çekipdir. Patyşa goşunlarynda 72 top, 11 raketa guraly, beýleki ýaraglar hem bar eken. Galan goraýyjylarynda bolsa örän ýönekeý gylyç, pyçak, hyrly ýaraglar şeýle hem 1879-njy ýylyň birinji harby ýörişi wagtynda ele salynan 600 sany rus tüpeňi we ýeke mis top bolupdyr, onda günde 1 gezek keçä dolanan daşlary atypdyrlar. 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda gala oka tutulyp başlanypdyr, goşunlarynyň toplary, raketa gurallary bolsa gije-gündiz dynman ot sowurypdyr. Uly ýitgilere garamazdan goraýjylar hakyky gahrymançylyk görkezipdirler. Olar gijelerine duşmanlarynyň üstüne çozuş edipdirler. Emma rus goşunlary galanyň diwarynyň aşagyna garym gazyp, köp däri goýupdyrlar. Türkmenler bolsa ony gümanam etmändirler. 1881-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sine daňdan şol därileri partlanypdyr, gala diwarynyň uly bölegi ýumrulypdyr. Patyşanyň goşunlary gala kürsäp giripdirler. Gökdepäniň goraýjylary örän gazaply söweşipdirler. Emma olaryň hemmesi diýen ýaly gyrylypdyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamyndan şu günlere gelip ýeten milli mirasyna sarpa goýmakda, agzybirligini pugtalandyrmakda, Watana, zähmete, topraga bolan söýgini berkitmekde, geljege beýik ynamy artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň çuň zehininden dörän eserleri ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Bitarap Türkmenistan», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Döwlet adam üçindir!» atly kitaplarynda Watan diýen mukaddes düşünje örboýuna galyp, mähriban topragyňy, mukaddes ýurduňy goramak üçin özüňde terbiýeläp ýetişdirilmeli watançylyk başlangyçlary, Watan öňündäki mukaddes borçlar kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň döreden her bir eserinde Watan, onuň gymmatyna düşünmek, bedew batly ösüşlerine guwanmak, raýatlyk goşandyňy goşmak ýaly gymmatly pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň ýazan her bir eseri Watanyny ýürekden söýýän ynsany biparh goýup bilmeýär. Watanyň beýikligi onuň ähli raýatlarynyň Watan üçin çekýän zähmetinden, goşandyndan başlanýar. Ol hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, agzybirlikde belent maksatlarymyzy amala aşyrmaga bolan yhlasdan, söýgüden gözbaş alýar. Berkarar Watanymyz – bu pederleriň asyrlarboýy arzuwynyň amala aşmasydyr. Eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mawy asmanymyzda dogýan her bir nurly Güni asudalykda, agzybirlikde garşy alýarlar. «Döwlet adam üçindir!» diýen pähim-parasada ýugrulan şygary ýol-ýörelge edinýän ata Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar.
Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň, agzybirligiň Ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän, milli medeniýetimiziň hak howandary hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Baýmyrat Babaýew,
Balkanabat nebitçilik orta hünär mekdebiniň 3-nji yyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy