ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi synaglary

 25-nji maý okuwçy oglan gyzlaryň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan pursady gelip ýetdi. Täze mekdebiň birinji uçurumy , iň soňky jaň, şeýle ajaýyp pursatlarda duýgulary içine sygman ak guş bolup asmanda ganat kakýan kepderiler ýaly ýaş oglandyr gyzlaryň şatlykdan ýaňa gözleri alawlaýardy. Altyn gün goja zemine gözellik şöhlesini berip başlady. Şeýle tolgundurujy pursat Aýgül bilen Ataşy hem ýöne goýmady. Olar rus dili otagynda söhbet edip otyrdylar. Emma olaryň söhbedi uzaga çekmedi, duýdansyz ýagdaýda gapydan Güljemal mugallymyň girenini özleri hem duýman  galdy. Güljemal mugallym bulary görüp ör gökden geldi çünki Aýgül onyň körpe gyzydy. Ejesini gören  Aýgül tolgunup ýere seretmekden başga hiç hili alajy ýokdy. Güljemal mugallym:

  • Siz bu otagda näme etýärsiňiz?
  • Aýgüle uçurum lentamy dakyp bermegini haýyş etdim.
  • Sen lentaňy dakdyrmaga Aýgülden başga adam tapmadyňmy?
  • Başgada adamlar barla welin…
  • Baryň-a düşnükli ýöne weliniň näme?
  • Güljemal  mugallym men siziň gyzyňyzy gowy görýärin. Çyn  ýüregim bilen söýýän.

Ol sözleri eşidip Güljemal  mugallymyň gahary geldi.

  • Ýok men siziň söýgiňize garşy, meni diňlemeseňiz bagtyňyz açyk bolsun ýöne razy däldirin we siz meniň barlygymy unutmaly bolarsyňyz diýip Aýgüliň elinden tutyp otagdan çykyp gitdi.

Ataş ähli zatlary taşlap gam gussa batyp ekdebiň arka ýüzinden çykyp öýüne gitdi. Ataş bolup geçen zatlar hakynda esli wagtlap öýünde pikir edip oturdy. Ýüregi aram tapmadyk Ataş Aýgüle jaň etmegi ýüregine düwdi. Emma näçe jaň etse-de hiç hili jogap bolmady. Ataş alada edip başlady onýança Aýgülden jaň geldi. Ataş jaňa jogap berende Aýgüliň aglaýan sesi eşidilýärdi.

  • Ataş meniň saňa aýtjak zatlarym bar. Biziň söýgimize ejemiň hiç hili razylygy ýok. Men ejemiň sözünden çykyp seniň bilen söýüşip biljek däl. Meni bagyşla Ataş. Sag boluň.
  • Aýgül. Aýgül. telefon eýýäm öçdi.

Aradan birnäçe gün geçensoň Ataş Aýgüllere barmaly diýen netijä geldi. Baryp gapyny kakanda Güljemal mugallym gapyny açdy.

  • Salam mugallym.
  • Güljemal mugallym men siziň ýanyňyza uly töwekgellik edip bir zat haýyş etmek üçin geldim.
  • Aýdyber.
  • Özüňiz bilýänsiňiz men Aýgüli gowy görýän ýöne siziň närazylygyňyz meniň öňümde geçip bolmajak gala bolup dur. Maňa dogry düşüniň haýyş edýärin.
  • Sen meň gyzyma mynasyp däl. Düşünensiň diýip umyt edýän. Ýöne  men saňa bir mümkinçilik berýän beýle mümkinçiligi hiç bir eje bermez. Meniň oglum ýok Aýgül kiçi gyzym. Wagty gelende men size toý edip bererin ýöne sen meniň gyzym bilen bizde ýaşamaly bolarsyň.

Ataş garşy boldy. Ata  enesiniň öňünde  perzentlik borjuny ýerine ýetirmelidi. Hiç zat diýmän yzyna gaýtdy. Güljemal mugallymyň aýdan zatlary Ataşy pikirlendirdi. Hakykatdanam Ataşlaryň maşgala ýagdaýy pesräkdi. Kemsindi gürlemäne utandy öň beýdip ýüzüne kyn güzeranyny aýdan adam ýokdy. Ataş şeýle namys etdi ýokary okuw jaýyna okuwa girip işli adamlaryň biri bolsa Aýgüle mynasyp boljakdy. Şeýdibem  Güljemal mugallym öz kemsindiriji sözleri bilen Ataşyň okamaga bolan höwesini artdyrdy. Ataş watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäge gitdi. ol   Aýgüli hiç ýadyndan çykaryp bilmeýärdi çykarjagam bolmaýardy. Aýgülüň bir partada oturup düşen suratyny ýanyndan aýyranokdy. Aýgül Ataşyň gulluga gidenini Ataşyň Süleýman atly dostundan eşidipdi. Aýgül ýokary okuw jaýyna nesibesi çekdi ol onuň üçin şeýle şatlykly wakalaryň biri boldy. Atşyň kakasy Sapar aga goňşy owadan bir mugallym özüniň seretmäge ideg etmäge ýetişmeýänligini aýdyp ýer beripdir. Sapar aga arman ýadaman işläp gowy hasyllar alyp başlapdyr. Ataş bolsa gullukdan boş wagtlary synaglara taýýarlanýardy, gerekli resminamalary jemleýärdi. Gullugy tamamlap öýüne gelende bolsa Aýgülden hiç hili habar almady. Bar pikiri Güljemal mugallyma özüniň Aýgüle mynasyplygyny subut etmekdi. Şeýdibem gökdäki dilegine ýerde gowuşup talyp adyna mynasyp boldy. Begençden gözleri ýaşardy. Öýüne barybam göni Aýgüllere  gitdi ýene şol gapy tolgunmak bilen gapyny kakdy. Güljemal mugallym  Ataşy görip ýüzi ýagtylan ýaly boldy. Emma hiç bildirmedi. Salamlaşanlaryndan soňra Ataş:

  • Güljemal mugallym men indi Aýgüli hiç hili zada zar etmejekdigimi Aýgül bilen bagtly günde ýaşap biljekdigimi arkaýyn aýdyp biljek. Haýyş razylyk beriň.
  • Gulluga gideniň bäri Aýgül hakynda gyzyklanyp gördüňmi?
  • Ýok.
  • 1 ýyl mundan öň Aýgül ýol heläkçiligine uçrady huşuny ýitirdi hiç kimi tananok aýagyna agyr döwük düşensoň dogry ýöräp bilenok sähel agsaýar. Indi saýla isleseň razy bol isleseň git ol seni barybir tananok. Men senden gaty görmen
  • ol meni tanamasa-da men ony tanaýan.

Men Aýgüli taşlamak üçin söýmedim diýip içki jaýa Aýgüliň ýanyna ugrady gapyny açyp girse Aýgül gözlerini ýaşdan doldurup sen meni taşlamajagyňy bilýärdim diýdi. Bularyň barysy synag!!! Egsilmez ynamyň çäksiz söýgiň we uly umydyň bilen ähli synaglardan geçmegi başardyň. Güljemal mugallym öz gyzyny şeýle gowy oglana berýänligine diýseň bagtlydy. Bagtly boluň meniň jan ýaly dostum.

  • Söýüň!!! Söýgi ummanyňyzda üç sany ada bolsun, biri umyt, biri sabyr, birisi bolsa ynam bolsun hiç bir tolkun olary basyp bilmesin.
  • Söýüň!!! Söýgi we arzuw ekin ýalydyr näçe azap etseň şonçada hasyl berer.
  • Söýüň!!! Ýöne söýgüňiz mähribanlarymyza bolan söýgiňizden ýokarda tutmaň.
  • Söýüň!!! öz söýgüňizde dözümli boluň.

 

Maksat Haraýmanow,

Harby-deňiz institutynyň 3-nji ýyl talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri