“O näme üçin sallançak, näme, dünýä yranyp durmy?” diýäýmäň! Dünýe yrananok, dünýe söýgi mukamy bilen üwrelýär. Söýgi bilen üwrelmegiň manysyny hemem nämedigini bolsa bagtyň goýnunda düşläp, yşkyň bagynda ýerlän ynsan bilýändir.
Dostlar, galamdaşlar, boýdaşlar, söýgi köp manyly bolýar, dost-ýara, dogan-gardaşlara we ş.m. diýip şol bir lenji çykan pikirleri gaýtalamasaňyzlaň! Olaň kalpdaky orny mähir diýlen düşünjä muwapyk. A söýgi bolsa bu düýbünden başga zat. Men siziň her biriňiziň bu sözi eşiden badyňyza kalbyňyzyň düşündirip bolmajak ýagdaýda tirpildäpjik gidenini duýýan, diňe duýamogam-da, munuň şeýledigine tüýs ýürekden ynanýan. Çünki ýaş juwan bolsaňyz-a, göz öňüňizde söýýän aşygyňyz ýa-da magşugyňyz dessine peýda bolandyr, ýaşyňyz durugşanrak bolsaňyz, onda ilkinji söýgiňizi ýatlansyňyz. Şeýle gerek. Hut şeýledir. Men muny bilýän.
Wiý, ýogsa-da, siz söýüp görüpmidiňiz? Hawa, diýip ýylgyrýaňyz hemem çalaja gyzarýaňyz öýdýän. Onda siz Ýaradanyň Söýgi atly serpaýyndan binesip galmansyňyz. Galmalam bolmasyn! Eýsem, söýülmek lezzetlimi ýa-da söýmek? Gursak üçin şunuň ikisem derwaýys. Çünki söýmedik söýülmegiň gadryny bilmez, söýülmedigem söýmek bagtyndan näumyt galar.
Bu ak dünýä gadamyňy basdyňmy, diýmek söýmek we söýülmek üçin gelensiň! Ine, şu pikir hergiz-hergiz seriňde bolsun! Men muny aşa agraslygy ýa-da aşa ýygralygy üçin söýgini ret etmek isleýänler üçin aýdýan. Bar-a, durmuşda şu zeýilli adamlaram. Olar üçin söýüşmegem, söýülmegem aýypmyş, uýatmyş. Eger hak tarapyndan ýaradylan bu hikmetli duýgy Ynsana berlen peşgeş bolsa, ýeri, onuň nämesi aýypmyş!?
Käteler söýgini ýeňles duýgular bilen gatyşdyrýarlar, ýagny aýdaly, käbir ýigitler gyzlar bilen gatnaşyk babatda bir gyza göwün berip, soň ýene başga birine göz gyzdyryp, soň ýene, ýene… Garaz, “Bir elde iki garpyz tutjak” bolýarlar. Elbetde, ýigitleriň hemmesini bu babatda ýazgaryp bolmaz, ýöne dogrusyny dogry aýtmaly, arasynda şeýleräkleri bar. Gyzlaryň içinde-de söýgä ýüzleý seredip: “Bir günüm-şat günüm” diýip, birki oglany yzynda birbada selpedip ýörenleri hem gabat gelýär. Bu telek zat. Bu söýgä hyýanat edildigi. Söýgini keremleşdirýän zat, onuň göwündäki hemme suw meýilli isleglere çäk goýup, özüňi diňe birine bagyş etmäge mejbur edip bilýänliginde. “Mejburlyk söýgä kybap gelýärmi näme?”-diýmegiňiz mümkin. Gelýär, ýöne gowy manyda. Eger çyn ýürekden söýseň, mejburlyk dagy näme, eýsem, ähli göwne nälaýyk hereketleňden saplanananyňy özüňem duýmaýaň. Söýýänimize ýaranjak bolup, perişdepisint sypaýy adama öwrülýänimiz, eýsem, ýalanmy? Hususanam, ýaşlyk ýyllaryňyzy göz öňüňize getirip görüň, baý, söýýäniňiziň ugrunda haýyr-heläk bolup ýöreniňiz hakydaňyza dolar durar, şol ýakymly günleri ýatlap myssa ýylgyrarsyňyz. Hawa, söýgiň hikmeti söz bilen düşündirerden üýtgeşik we täsin.
Gogolyň sözlerini ýatlalyň:”Söýgä hemme ýaşdakylaram tabyndyr, kökerilgidir”. Ana, şonuň üçinem ýüregimize jümşüldi salýan bu jümle sadagasy boldugym, durky bilen kerem-ä!
Men ýaşy durugşan zenan. Araňyzda: “Muň söýgi hakdaky pikirleriniň hörpi näteňet, “kör düýesi köprüden geçensoň”, birneme köşeşäýmeli eken” diýip, suňşurjaklaryňyzam tapylar. Elbetde, adam köp boldugyça, pikirlerem şonça-da!
Ýöne men bu diýýänlemmi owadan ýaşlygyň gujagynda söýgi bagtyna dahylly bolup ýaşaýan ýaşlara maslahat hökmünde ýaňzydýan. Çünki söýýän ýürek ideg-yssuwata, mähre, maslahatça, paýhasa, öwüde mydama mätäç. Şonuň üçin meň bu diýýänlemem ýaşlara belli bir derejede nep getirse, göwnüm kanagat tapardy. Men adamym barada birneme öňräk:
Pytrap-pytrap gider umyt uçgunym,
Del gözlerde men mähriňi duýaýsam,
Lowlap ýanyp, kül bolsamam öçmerin,
Özge gyza söýýän sözün diýäýseň.
ýa-da başga bir goşgumda:
Men sen diýip ýortup ýörün,
Ýalançynyň ganatynda.
Gussaň böwrün ýyrtyp ýörün,
Hatda ejiz halatymda-
diýip ýazypdym. Hawa, bu sözler hakykatdanam meniň kalbymyň töründen syzylyp çykypdy. Çünki meniň oňa bolan söýgim juda çuň, juda çynlakaý. Halaşyp durmuş gurduk. Häsiýetlerimiz kybap geldi, polady ýumşak, hojalykçy. Çagalarynyň üstünde kökenek. Ine, men muňa päk söýginiň mizemez bagty diýip düşünýän. Men bu goşgyny adamym hakynda ýazsam-da, onuň üsti bilen muşdaklaryma ýanýoldaşyňy eý görmegiň bagtdygyny ündemek isleýändigim halys çynym. Şu ýerde men oňa bagyşlap ýazan degişme goşgumam ýatlamaklygy ýerlikli hasaplaýaryn:
“Näzlim” diýme, näz galmady gursakda,
Söýüber, adaty söýüşiň ýaly.
Ýaşymyzam durmandyrla bir çakda,
Bir çene barypdyr diýişim ýaly.
Menzil-menzil ýoly bile aşdyk biz,
Eý, mähriban, gör, nähili ýaşdyk biz.
Şükür, şeri ýeňip haýra duşduk biz,
Söýdüm seni, edil söýüşiň ýaly.
Şu şygry agzap geçmek bilen men ýaşlara söýgiň ikitaraplaýyn bolanda has uzakçyl bolýandyny öwüt bermek isledim. Hawa, söýgi diýlen düşünje adamzadyň ömürleriniň we göwünleriniň syrlaryny, olaryň many uşlybyny özünde jemläp bilýär, ol islendik ynsanyň ykbalyny bütinleý özgerdip bilýär, onuň akylyny-üşügini, durmuşa bolan garaýşyny kämilleşdirip bilýär. Onsoň, söýgä neneň hikmet, kerem diýmejek?!
Özbek halk aýdymlarynyň birinde aşygyň magşugyna özelenmesi ine, şeýleräk beýan edilipdir:
“Sütemleriňden her ýyl 360 gün ýandym”. Muny aýdýan aýdymçy özbekleriň iň söýüp diňleýän aýdymçylarynyň biri, ýa Zafarbek Jafarbekow ýa-da Ogabek Sobirow. Haýsysydygy ymykly ýadyma düşenok. Belki, olaryň ikisem däldir. Ýöne ol bagşy aýdymy şeýle bir labyz, mähir we ýakym bilen aýdýar welin, aşygyň ýüregindäki yşk sütemi ezýetli bolsa-da, onuň oň üçin juda ýakymlydygyna düşünmek kyn däl. Diýjek bolýanym, onuň sözlerini ýazan şahyr söýginiň hatda hasratynyň, örtemesiniňem lezzet, ýakym bagyşlaýandygyny aýtmak isläpdir. Ine, söýgi neneň bendi ediji zat. Ýylyň her gününde söýgülisinden örtenýän aşyk şonda-da söýgüsinden nägile däl. Ana, söýgi diýilýän şeýle syrly we üýtgeşik zat. Ony duýgy düşünjesinden has ýokary saýýan. Ol ömri özgerdýän hadysa.
Mahlasy, söýgi biziň köňül şalygymyzda orun alýan TÄMIZLIK, KÄMILLIK we BAGTDYR. Şonuň üçinem siziň hiç biriňiz bu ajaýyp peşgeşden binesip bolmaň! Söýlüp Ýaşaň! BAGTYŇ AÝASYNDA, SÖÝGI DARAGTYNYŇ SAÝASYNDA ORNUŇYZ BOLSUN, MÄHRIBANLAR!
Dursun Tekäýewa,
“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň terjimeçisi.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.