ATAWATAN ESERLERİ

Aýal

                                                     Hekaýa

Asmanda Ömrüzaýa ýyldyzy ýaldyraýardy. Onuň aşagragynda agşam şapagynyň symgylt zolagy ýaýylyp ýatyrdy. Tutaşyp bilmedik kesindä çalymdaş iki sany sözen agajy, gyzylymtyl asmana çümüp duran ýaly bolup görünýärdi. Şeýle agşamy — ilki agşamyň ümüş-tamyşlygyny garşy alýan ýaly, iki zenan gyssanmaç ýöräp gelýärdi. Mylaýym ümsümlikde garry aýalyň — enekäniň pyşyrdysy mylakatly, şonuň ýalam howatyrly eşidilýärdi.

— Ýöräňizde seresap ýöräň, ataň aç nökerleri hemme ýerde kaňkaşyp ýörendirler…

Enekäniň gapdalynda ýüzüni asmana tutup ýöräp barýan gyz başyny atyp, özüniň solgun gözleriniň asuda nazaryny enekesine dikdi.

— Men öz hakykatymy — söýgimi gyzgyn söýýän…

Eneke ýene hasratly pyşyrdady.

— Şonuň üçinem balam, ataňy-eneňi, köşgi-eýwany taşlap gidip barýaňda…

Soň olar seslerini çykarman ýörediler. Birdenem şahalar tisginen ýaly boldy. Yzyndanam inçemik göwre göründi.

— Ine ol…

Iki sany tüme gaplanan göwre biri-birine birikdi. Soňam olar uzak wagtlap aýrylyşyp bilmediler.

Eneke howsalaly pyşyrdady.

— Atlaryň aýagyna keçe daňaýmaly eken…

Gyzdyr ýigit seslerini çykarmady. Eneke ýene jandurmazlyk bilen gürledi.

— Men çaltrak gitmesem idärler. Baryň, Alla ýaryňyz bolsun…

Ol şeý diýip gyzyň maňlaýyndan ogşady. Gyzam gözlerini ýaşdan dolduryp ony gujaklady. Soň eneke gaty-gaty ýöräp gitdi. Ol ýöräp barşyna atlaryň daşlara basýan guraksy dükürdisine diň salýardy. Atlar bolsa agşam şapagynyň sowlan asmanynda, ençeme ýagty ýyldyzlaryň şugla saçýan tarapyna ýüzlerini öwrüpdiler.

***

Olar näbelli ýurda, näbelli adamlara tarap gidip otyrdylar. Öňde bolsa, hemmeleriň durmuş diýip atlandyrýan düýpsüz derýasy ýatyrdy. Kim bilýär ykbalyň hanjak gopjagyny. Belki bagtyň ýumşak penjesine düşüler. Belki-de…

 Gyz owadandy. Onuň owadanlygyny ýene bir ýola görmek üçin atyň başyny çekip seredesiň gelýärdi. Şonuň üçin ýigit, özüniň haýsy eden ýagşy işi üçin Allanyň şeýle owadan maşgala sataşdyrandygy hakynda süýji pikir edýärdi. Gyzam öz aşygynyň bagtyna guwanýardy. Hemem şeýle bagta özüniň sebäp bolanyna begenýärdi. Şeýdip olar içki duýgulayna berlip gidip otyrdylar.

Ýigidiň diýeni boldy. Ol ilkinji gabat gelen galanyň Hanyna galada galmaga idin berse, özüniň nöker bolup hyzmat etjekdigini aýtdy. Ýaş Han gözleri çaganyňky ýaly aýdyň, mylaýym ýüzli ýigidi gören badyna halansoň bada-bat razylaşyp, diňe ýekeje sowal berdi.

— Atyň, ýaragyň guratmy?

— Oguz ogly atsyz, ýaragsyz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilmeýär.

Ýigidiň jogaby ýaş Hana hasam ýarady.

***

Şeýdip ýaşalyberdi. Ýyllar olara edil gurjak ýaly owadanja gyzjagaz sowgat berdi. Gyzjagazam edil ejesi ýaly owadandy. Haçanda aýak bitende, galanyň içindäki adamlaryň hemmejesi oňa seredişip, başlaryny egýärdiler hemem özleriniň çalgyrt dilleri bilen şeý diýýärdiler.

— Senem eneň ýaly gözel hemem bagtly bolarsyň…

Eger şol gezek gyzjagazyň ejesi — aýal bazara gitmedik bolan bolsa olar çaýkanyp duran uly dünýäniň içinde Alla ajala sabyr eýlese bagtyýar ýaşardy. Ýöne herki zada bir zat sebäp bolýar. Ol durmuşyň ýazylmadyk kanuny.

Aýal bazardan ony-muny alyp aýlanyp ýörkä, birden bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly surnaýlardyr kernaýlaryň sesi eşidilip başlady. O sesi eşiden märeke duran-duran ýerinde topraga togap edip çöküne düşmek bilen bolýar. Öň beýle zady görmedik aýal nämäniň bolup geçýänini aňşarmaýar. Onýança-da, kimdir biri onuň synyndan çekip azymly pyşyrdaýar.

— Çöküňe düş-de çaltrak topragy togap et…

Aýal geň galyjylykly sesi eşidilýär.

— Näme üçin?

— Eşitmediňmi surnaýlaň sesini, Han seýle çykýar. Bu ýeriň düzgüninde, eger süňňüň Hanyňkydan belent bolmasa, başyňy egmeli…

Aýal oýlanýar:

«Men ýedi yklymdan paç sorap oturan Nusaý patyşasynyň gyzy. Eger süňňüm yzarlanmaly bolsa, ol menden belent bolmaly däl…»

Ol şeý diýip butnaman duruberýär.

Ýaş Han galanyň içine aýlanyp ýörşüne, bazaryň gyrasynda ýeke-täk aýalyň — Oguz aýalynyň başyny egmän durşuny görýär. Bir namanyň bardygyny aňan Han aýalyň ýanyna göni özi barýar.

— Sen kim borsuň?

Aýal hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýdýar. Ýaş Han sesini çykarman diňleýär. Ýöne ol aýalyň şeýle, üýtgeşik jemalyny görüp, şol günden pälini bozup başlaýar.

“Beýle owadan, sypaýy maşgala han-beglere mynasyp, diňe ertekilerde şa gyzyna ýetim oglan öýlenip biler. Men ol salpaýagy — nökeri agyr-hatarly ýerlere ugradaýyn, gaýdyp gelmez ýaly…”

Ol şeýle hem edýär. Aýalyň ärini — nökeri iň bir howply-hatarly ýerlere ugradýar. Ýöne ýigidiň başy aman galýar.

Şol döwürler, gazaply kanunlaryň hökmüni ýöredýän zamanasynda, «men» diýen ärleriň şöhraty synasyna düşen ýara bilen ölçenýän eken. Endam-jany naýzadyr gylyjyň tygyndan pers-ala bolsa-da, ýigit Oguz kasamyna wepaly bolup agyr söweşlerden başyny gorap gelýär.

Galanyň ýönekeý, ýürekleri gowy adamlary muňa begenýär. Han bolsa içiniň garalygyndan ýaňa bir gün ýigit söweşden gaýdyp gelýärkä öňünden çykyp şeý diýýär.

— Kimdir biri seniň üçin aýratyn doga okaýar öýdýän…

Aýalyň adamsy parahat jogap berýär.

— Ol meniň aýalymdyr.

Ýaman pygyl içde ýatmaýar. Bir gün Han öz meslekdeşlerini ýygnap, aç-açan öz matlabyny mälim edýär.

— Tärini tapyň-da, oguz ýigidini ýoklaň…

Päli ýaman adamlar ýigidi bir günä bilen aýyplap garaňky zyndana salýar. Ýigidiň “günäsine” kazy kelan şeýle höküm çykarýar.

— Tegelek bir ýyl duz datman ýaşamaly…

Bu göni terki ajalyň özüdi.

Galanyň içindäki adamlar muňa gynanýar. Ýöne höküm, höküm bolýar.

***

Ajy hasratdan ýaňa öwüşgini giden, emma öz owadanlygyny henizem gidermedik aýal, ýaş Hana ýüzlenip şeýle diýýär.

— Dünýede hemme zatlar ýitip gidýär… diňe beýik işlerdir gowy ýürekler ýaşaýar. Sen meniň adamymyň — seniň iň gowy nökeriň, dünýe bilen hoşlaşýança ýüzüni görüp durmaga rugsat et…

Han aýalyň sözüni bölýär.

— Ýöne ýanyňda çöregiň owuntygam bolmasyn.

Aýal başyny atyp razylaşýar.

Şol günden başlabam, gamgyn hem asuda uka giden galanyň alagaraňky ýadaw ümsümliginde aýalyň — uly dünýäni göwsi bilen ekläp kemala getiren aýalyň haýal hem ýeňil ädimleriniň sesi eşidilip başlaýar.

Zyndanyň agyr derwezesi açylýar.

— Aýal, bu senmi?

Ol başyny atýar.

— Ýanyňda dynnym ýalyjagam çörek ýok gerek?

— Ýok…

— Ýeri bolýar, men seni barlap durjak däl…

Ýene daň atýar. Ýene garaňky düşýär. Ýene şol tanyş sesler eşidilýär.

— Geldiňmi?

— Geldim…

— Ýanyňda sirke ýalyjagam çörek ýok gerek?

— Ýok…

Aýal şeýdip tegelek bir ýyl – üç ýüz altmyş dört gün adamsynyň ýanyna gatnaýar. Iň soňky gün — üç ýüz altmyş bäşinji gün, zyndan sakçysy naýzasyny öňe diräp ony saklaýar.

— Aýal, köýnegiň öňünde, ýakaň gapdalyndaky öljerýän zat näme?

Aýal howsalaly pyşyrdy bilen dogrusyny aýdýar.

— Süýdüm iýdirýär… Ol ajygýandyr…

Hupbatly durmuşdan hemem agyr güzerandan bili bükülen zyndan sakçysy aýala düşünýär.

— Bar naharla, aýal… iň soňky ýola naharla… Siz uly dünýä ýaşaýşy getirýäňiz…

Zyndanyň agyr derwezesi açylýar. Hanha aýal adamsynyň elinden tutup barýar. Galanyň içindäki ak ýürekli adamlar bolsa, hemme kişini irizen agyr durmuşyň iň soňkusyny başyndan geçirýän ýaly begenişýärler.

— Alla şöhrat!!!

— Dünýäni kemala getiren ene süýdüne şöhrat!!!

— Göwsi bilen uly dünýäni eklän enä şöhrat!!!

Adamsy aýalynyň ýüzüne soragly seredýär.

— Indi nirä gideris?

Aýal pikirlenmän jogap berýär.

— Oguz iline…

— Kakaň?

— Agyran ýürek agyran ýürege düşüner…

Soň bu aýal hakynda, Oguz aýalynyň mertligi, ýanbermezligi, belent söýgüsi hakynda, bütin yklyma gürrüň ýaýraýar.   

                                        Öwezmyrat Ýerbendi,

Edebi konsultant, Türkmenistanyň  Alp Arslan adyndaky milli drama teatry.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

                                     

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri