Bütindünýä poçta güni 1969-njy ýylda Ählumumy poçta bileleşigi tarapyndan döredilip, her ýyl geçirilýän halkara baýramçylyklaryň biridir. Bu baýramçylyk her ýylyň 9-njy oktýabrynda bir hepdeligiň çäginde işjeň ýagdaýda bellenilýär.
1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bern şäherinde döredilen Ählumumy poçta bileleşiginiň ýyllygynyň bellenmegi bu gününiň taryhynda ädilen ilkinji ädim boldy. Onuň resmi yglan edilmegi 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Ählumumy poçta bileleşiginiň maslahatynyň münberinden alyp gaýdýar. Şondan bäri Bütindünýä poçta güni her ýyl dünýäniň ençeme ýurtlarynda bellenilip gelinýär. Bu günüň bellenilmegine zerurlygyň artmagy bilen Bütindünýä poçta güni Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara günleriniň sanawyna girizilýär.
Halkara poçta gününiň esasy maksady poçta pudagynyň – adamlaryň we bileleşikleriň ýagny kompaniýalaryň gündelik durmuşynda tutýan ornuny we ýurduň sosial-ykdysady ösüşine goşýan goşandyny ösdürmekden ybaratdyr.
Bütin dünýäde 5,3 milliondan gowrak işgäri bolan takmynan 650 müň poçta bölümi bar. Bu bolsa poçta bölüminiň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilik döredýär.
Her ýyl dünýäniň 150-den gowrak döwletinde Bütindünýä poçta güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Käbir ýurtlarda bu gün umumy dynç güni hasaplanylýar. Emma käbir poçta bölümleri bu pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä poçta gününde iň görnükli işgärleri üçin baýrak gowşurylyş dabaralaryny geçirýärler. Bütindünýä poçta gününiň bildirişleri poçta bölümlerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde görkezilýär. Poçta bölümlerinde, merkezlerde we muzeýlerde bu güne bagyşlanyp açyk gapylar güni, maslahatlar, hünär okuwlary şeýle hem medeni, sport we beýleki dynç alyş çärelerini geçirýärler. Köp ýurtda haýyr-sahawat sergileri, ýörite ýaryşlar gurnalyp, täze poçta markalar çykarylýar. Bäsleşige gatnaşýan ýurtlarda ýeňijileriň atlary adatça 9-njy oktýabrda yglan edilýär. Poçta dolandyryjylarynyň köpüsi özlerine mahsus eşikleri, nyşanlary we ýörite poçta degişliligini alamatlandyrýan önümleri öndürýärler. Bu bolsa poçtanyň adamzat jemgyýetinde ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagyna itergi berýär.
Gözel Eminowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!