MEDENIÝET

“Gremmi” baýragynyň ýeňijisi aradan çykdy

ABŞ-nyň milli sungat akademiýasy tarapyndan gowşyrylýan “Gremmi” baýragynyň eýesi, aýal hukuklary aktiwisti “I’m Woman” aýdymy bilen tanalýan aýdymçy Helen Reddy 78 ýaşynda aradan çykdy.

Çagalary Treýsi we Iordaniýa öz beýanynda: “Söýgüli ejemiz Helen Reddiniň 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Los-Anjelesde aradan çykandygyny habar berýändigimiz sebäpli gynanýarys. Ol ajaýyp ejedi, hakykatdanam gowy aýaldy. Onuň sesiniň  baky ýaşajakdygyny bilmek bize göwünlik berýär”  – diýip belleýärler.

Reddy şu güne çenli 20 aýdym bilen “Billboard Hot 100” sanawyna girdi. “Delta Dawn” we “Angie Baby” aýdymlary bilen meşhurlyk gazanan Reddy “I Am Woman” aýdymy bilen “Gremmi” baýragyny gazandy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy

Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary