ATAWATAN ESERLERİ

Söýmek söýülmek bagty

(Liriki oýlanma)

 

Sen uçmak isleseň, ganat bolardym

Sen uçmah isleseň, jennet bolardym

Sen gonmak isleseň, toprak bolardym,

Sen saýa küýseseň, ýaprak bolardym.

 

Seniň islegiňçe ýaşajak bolup,

Dünýäň ähli düzgünlerini bozardym.

Sen güýzi küýseseň, saralyp solup

Ýapragyny düşüren bag dek tozardym.

 

Sen gyşy küýseseň gar bolup ýagaryn,

Sen tomusy küýseseň jöwza dek ýanaryn

Sen ýazy küýseseň pyntygym ýararyn,

Dünýäni düzgüne salardym ýene.

 

Gülleri küýseseň, güller açardym,

Güli küýsemeseň, solardym ýene.

Bir seniň göwnüňe ýarajak bolup,

Seniň islegiňçe ýaşajak bolup

 

Jan çekerdim azaba birzat edilse

Köne dünýäň azabyndan gaçmazdym

Seni çynym bilen söýmeýän bolsam,

Goşga salyp bu syrlary hergiz açmazdym.

“Çyn söýgi” Atamyrat Atabaýew

Ýene güýz geldi, hoştap şemalyň jana tenekar howasyndan älemini  dolduryp durşuna zeruwşan köýnek geýen güýze hormatym artan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Guşlaryň gaýda-gaýmalaşygy, okuwa haýdap barýan çagalaryň şowhuny bilen tebigat üýtgeşik toýhanany ýadyňa salýar. Ine şol ajaýyp günleriň birinde men saňa sataşdym! Iň gowusy men hemmesini başdan gürrüň bereýin.

Biziň obamyzda ýekeje mekdep bardy. Bagy-bossanlyga bürenip oturan mekdebimiziň şowhuny daň atandan gün batýança ýatanokdy. Biziň öýümiz hem şol mekdep bilen ýanaşykdy. Men geçen ýyl okuwymy tamamlap tikin-çatyn bilen meşgullanýardym. Edil mekdebiň gabadyndaky jaý bolsa meniň iş ýerim-tikinler öýüdi.

Men öýden çykyp iş ýerime howlugyp barşyma mekdebiň howlusyndan girip barýan eli çaklaňja gara portfelli, uzyn boýly, ak köýnekli oglan bilen, ýagny sen bilen pete-pet gabatlaşdym. Mekdebe gelen täze okuwçydyr diýip güman edip çalaja baş atyp salamlaşdymda gabadyndan geçip gitmekçi boldum.Ýöne edil biri aýagymdan alan ýaly büdräp tas ýykylypdym. Men erbet utandym, içimi ýakaýyn diýen ýaly töweregimde adam gara-da ýokdy. Sebäbi okuw wagty başlanyp mekdepde sapak dowam edýärdi. Bu okuwçy sapaga gijä galdymyka ýa-da nobatçy goýuldymyka diýip pikir edip durşuma öz-özüme gaharym geldi. Sen bolsa ýanyma geldiňde “Bir ýeriňizi agyrdan dälsiňiza hernä?” diýdin. Aljyrap durşuma maňa dözmedik ýaly maňa tarap golaýlaşdyň men bolsa “Ýokla” diýdimde ýolumy dowam etmekçi boldum. Edil şol pursadam seniň nazaryňa nazarym sataşdy. Meni edil tok uran ýaly endamym dyglap gitdi, kalbymda edil ýyldyrym çakan ýaly duýguny başdan geçirdim. Ýöne gyzlyk haýam, gyzlyk buýsanjym bilen syr bildirmezlige çalşyp iş ýerime ýöredim. Uzynly gün tikin maşynyň şygyrdysyna diň salyp gara başyma gaý işläp oturan ýaly bolsamam seniň otly bakyşyň hyýalymdan çykmady. Bilesigelijilik bilen seniň öz obamyzyň oglany däldigiňe, başga obadan biziň mekdebimize mugallym edip ýollanan talypdygyňy soň bildim. Bu waka meniň ýadymdan çykyberipdi. Bir gün ykbal bizi ýene sataşdyrdy. Men gerekli köýneklik materiallarymy almak üçin ýola çykdym. Duralga ýetip barýarkam duralgada duran iki sany obadaş aýallarymyzyň hem-de seniň duranyňa gözüm düşdi. Duralgadaky adamlara salam berip ulaga garaşmana başladym. Günortan ulaga garaşýanlaryň seýrek bolýandygyny aňymda aýlap durşuma seniň nazaryňy mana dikip seredýändigiňi duýup ýüregim jigläp gitdi. Biz şondan soň gündelik işe barýakak gabatlaşmana başladyk. Biziň gabatlaşmamyz çala baş atmakdan uzaga gidenokdy ýöne zenanlar gününde eliň bir gujak gülli öňümden çykmagyň meni aşa tolgundyrdy.Ýene-de aýagym aýagyma çolaşyp büdräp ýykylmakdan zordan saklandym. Sen ýylgyryp durşuňa eliňdäki gül çemenini maňa bermäne gyssanýardyň.

Ine bu wakanyň soňy ikimiziň toý sähedimiziň bellenmegi bilen tamamlandy. Ýyllar bäri dowam edip gelýän söýmek bagtyna mynasyp bolandygym üçin Allatagala müňde bir şükür edýärin. Arzuwlaryň hasyl bolýan bu bagtyýar zamanada söýmek we söýülmek bagty siziň hemmäňize nesip etsin!

 

Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri