ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi — durmuşyň özeni

(Durmuşdan alnan)

Maý aýydy. Gün eňegini ýere beripdi. Penjireden girýän salkyn şemal howsaladan ýaňa çygjaran ýüzi mymyk elleri bilen sypaýardy. Hemra otagynda penjirä tarap nazaryny dikip, çuňňur oýlara batyp otyrdy. Ol birdenem ýerinden galdy-da, dar otagyň içinde aýagy bişen towuk ýaly eýläk-beýläk ýöräp başlady. Daşyndan görseň, onuň bolşy uçmaga telwas edip kapasada iki ýana urunýan guşy ýadyňa salýardy. Beýnisindäki garşylykly pikirler ony öz erkine goýanokdy. Bir ýanda dünýä inderen, ösdürip şu derejä getiren mähriban kakasy, beýleki tarapda bolsa Bägül. Ony büs-bütin gaýgy-alada gurşap aldy. Çykalga gözleýärdi. Näme etjegini bolsa hiç göz öňüne getirip bilmeýärdi. Pikirlendigiçe, onuň bar umytlary puja çykyp barýardy. Oýlana-oýlana, ahyryn, Hemra ýüregini bire baglap, ýagdaýy Bägüle sms üsti bilen aýtmaly diýen karara geldi. Kelebiň ujyny ýitiren ýigit gelen kararyny bada-bat ýerine ýetirmäge girişdi. Ol hasyr-husus el telefonyna ýapyşdy. Şobarmaşa, onuň dulugyndan syrygyp gaýdan iki damja der telefonyň ýüzüne damdy.

Dünýeden bihabar Bägül okuwdan gelip, öý işlerine gümra bolup ýördi. Diliňk, diliňk, diliňk. Sesi ilki bilen Bägüliň ejesi eşitdi:

— Gyzym, telefonyňa jaň gelýän ýaly-la.

— Bolýa eje, häzir alaryn.

Bägül edip oturan işine dyngy berip, öz otagyna tarap ýöneldi. Şol pursat onuň arkasynda bilinden geçip duran sümmüli ýadyňa salýan örülen gara ýakyn goňur saçlary mar ýaly iki ýana owsun atýardy. Bägül otaga girişine baryp, sag burçda kompýuterdir okuw esbaplary duran stoluň üstündäki el telefonyny aldy. Telefonyň ýüzünde Hemradan gelen sms. Ony gören badyna gyzyň ýüzünde ýakymly ýylgyryş peýda boldy. Ol howlukmaç başam barmagy bilen telefonyň ýüzüni syrdy-da sms-i açdy:

— Agşamyň haýyrly, Bägül! Otyrmyň? Bägül, men-ä saňa nähili aýtjagymam bilemok, dogrusy. Ajam bolsa hakykat ýagşy. Biz aramyzdaky meseläni wagtlaýynça goý bolsun etmeli. Sebäbi mende ýagdaýlar üýtgedi. Ýöne sen muňa ters düşünme. Seniň hiç hili günäň ýok. Belaň körügi men. Meni bagyşla…

Ýylgyryşly ýüze gussa çaýyldy. Hemranyň «garaşylmadyk sowgady» Bägüli üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly etdi. Giň dünýä iňňäniň gözenegi ýaly daraldy. Şobarmaşa bolsa ýeke posa görmedik gyzaran ter ýaňaklardan gözýaş syrygyp gaýtdy. Gursagynda harasat gopan gyz sms-e derek jaň bilen jogap berdi. Hemra jaňy almady. Oňa rahat etmän, gursagynda gaýgy-harasat gopýan Bägül sms ýazdy:

— Hemra, bu näme etdigiň boldy?! Meniň saňa beren söýgime, mährime bolan jogabyňmy şu?! Sen maňa nämeler wada beripdiň?! Hany, seniň beren sözleriň?! Hany, seniň wyždanyň?! «Men senden başgasyna bakmaryn. Diňe seni söýýän, diňe seni gowy görýän» diýipdiň ahyryn. Sen meniň saňa berenlerimi haklamadyň, Hemra! Hemra!.. Seni Alla bagyşlasyn.

Ýagdaýy gursagyna sygdyryp bilmedik Bägül öýündäkiler eşidäýmesin diýip, ýuwaş ses bilen aglamaga otyrdy. Şonuň arasynda gyz ýene jaň aýlady. Bu gezek Hemra jaňa jogap berdi:

— Alo!

— …

Ozalam dünýä sygman, hum ýaly çişip, damagy dolup oturan Hemra sandyrawukdan pessaý ses bilen:

— Bägül, goý, aglamasana! Sen meniňem halymy teň edýäň. Haýyş edýän beýtme. Nesip bolsa, hemme zat gowy bolar. Gaýrat et, başarsaň, meni bagyşla… — diýdi. Bägül agy gatyşykly ses bilen dillendi:

— Hemra, näme üçin beýtdiň?!. Bilýäňmi meniň seni nähili gowy görenimi?!.

Hemra gözüne ýaş aýlady:

— Alajym ýok. Bägül, meni bagyşla…

— …

Gapy açylyp, gürrüňiň üstüne Hemranyň ejesi kürsäp girdi:

— Oglum, kim bilen gürleşýäň? Näme üçin bir bendäň çagasyny agladyp otyrsyň?

Hemra gözýaşyny eli bilen syryp, ýalbaryjy äheňde:

— Eje, haýyş edýän, meni ýeke goýaý… — diýdi. Şobada gapy ýapyldy. Gürrüň dowam etdi. Bägül:

— …

Hemra:

— Bägül, boldy edäý indi, ýalbarýan!

— Hemra, men senden närazy. Sebäbi sen meniň berenlerimi hak etmediň. …

Telefon goýuldy: du:k, du:k, du:k…

 

***

Ýaz günleridi. Gün öýlä sapypdy. Bägül okuwçylaryň depderlerini barlamak üçin, işde biraz eglenmeli bolupdy. Ol işi bilen başagaý bolup otyrka, bir ýerlerden hasyrdyklap işdeş ýoldaşy — jorasy geldi:

— A gyz, saňa bir ýerden-ä hat gelipdir. «Esger» diýýär. Adam Hemra eken. Kim, gyz, ol?

— Getirsene gyz, bar zat bilen işiň ba seniňem.

Bägül haty jorasynyň elinden garbap aldy. Onuň bu bolşuna, jorasy jak-jak edip güldi-de, synpdan çykyp gitdi.

Bägüliň mugallym bolup işläp başlanyna eýýäm ýyl tegelenip barýardy. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini Hemra bilen bile üstünlikli tamamlapdy (dogrusy, olar orta mekdepde-de on ýyl bile okapdylar). Ol-a türk dili hünäri, Hemra bolsa žurnalistika hünäri boýunça ýokary bilim alypdylar. Iki ýyl tejribelik geçmek üçin, Bägül Aşgabat şäherindäki mekdepleriň birinde iňlis dili dersi boýunça mugallym bolup işe durupdy. Hemra bolsa Watan öňündäki harby gulluk borjuny berjaý etmäge gaýdypdy.

Synpda Bägüliň özünden başga iňňilläre siňek ýokdy. Ol, hamala, ogurlyk etjek bolýan ýaly, daş-töweregine ogrynça garady. Bägül töwereginde hiç kimiň ýokdugyna äň edensoň, ýaňky haty açmaga otyrdy: bukjadan haty emaý bilen çykardy, dört eplenen haty açdy, okamaga başlady:

— Salam Bägül! Gowumy ýagdaýlaryň? Işläp ýörmüň sag-amanja? Öý-içerilerem saglykmy?

Bägül, meniň geleňsizligim zerarly, biri-birimizden aýra düşdük, ýüreklerimiz bölündi, men seniň ýüregiňe ýara saldym! Onuň üçin men günäkär. Dogrusy, saňa hat ýollara ýüzümem ýok.  Ýöne indi ýüregime halys erk edip bilemok, maňa dogry düşün.

Görüp otursam, kakam maňa başga bir gyzy niýetläp ýören eken. Men oňa garşy çykdym, kakama öz halaýanymy — seni aljakdygymy aýtdym. Onuň bilen bolsa kakam ylalaşmady. Kakamy razy etmek üçin kän synanyşdym. Emma barybir ol netije bermedi. Gaýtam, bar zat bulaşyp gitdi.

Günler geçip durdy. Bir gün şol meseleden söz açylanda, kakam maňa erbet käýedi. Ony ýüregime sygdyryp bilmän, gözüme ýaş aýlandy. Käbäm ejem daşymdan halyma dözmändir. Siziň maşgalaňyzy sorap-idäpdir. Üstesine-de, okuwdan gelýärkäň, ýolda saňa gabatlaşyp, gyzlar: «Eje, ogluň Bägüli, ha-na, şol gyz!» diýip, görkezipdirler. Ejemiňem göwnüne sen ýarapsyň. Şeýlelikde, ejem gören-eşidenini bolşy-bolşy ýaly kakama aýdypdyr. Aradan esli wagt geçensoň, kakam meni ýanyna çagyryp, seni maşgalamyza kabul etmäge razydygyny aýtdy. Ine, bolan zatlar, Bägül!

Senden etjek ýekeje haýyşym — maňa bulaşyklyklary düzetmäge mümkinçilik ber. Sebäbi Hemra seni öňküsindenem beter söýýär. Şonuň üçin, ýalbarýaryn, maňa dolan. Ynanaý, men sensiz ýaşap bilerin öýdemok. Nesip bolsa, gullukdan baramsoň, men seniň bilen durmuş gurjak. Hemra…

Hat Bägüli oýlandyrsa-da, oňa biperwaý garady. Sebäbi Bägüliň ýüregi eýýäm sowaşypdy. Indi ol arkaýyn Hemrasyz ýaşap bilýärdi. Hatda ol Hemra hakynda birjik-de pikir edenokdy. Şonuň üçin gyz haty ikirjiňlenmän ýyrtyp goýberdi. Iki-üç günden soň, ol Hemra jogap ýollady:

— Salam Hemra. Hudaýa şükür, biz gowy. Senem sag-aman gulluk borjuňy berjaý edip ýörmüň?

Hemra, näme üçin çöregi tamdyr gyzanda ýapmadyň?! Indi giç. Ejem dagy meni daýymyň ogluna berjek bolýarlar. Menem razylygymy berdim. Üstesine-de, sen meni üç gezek taşladyň ahyry. Indi ýüregimi agyrtma… Bagyşla…

 

Ýaran Akmämmedow,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy,

kiçi seržant.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri