MEDENIÝET

Ýaşmak gelne ýaraşyk

Türki halklarda gyz çagalar terbiýelenenlerinde kakadan çekinmek, erkek adamlardan uzak durmak, olaryň işlerine garyşmazlyk ýaly edim-gylymlar öwredilýär. Bu soňlugy bilen olarda erkek adamlara bolan sylag-hormaty kemala getirip, olardan uýalmak, olaryň ýanynda sesine bat bermezlik, mertebesini saklamak ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Bu ahlak gymmatlyklara  türkmen maşgalasynda has-da üns berilýär.

Türkmen gelinleriniň ýaşynmak düzgüniniň aňyrsynda hem ene-atanyň terbiýelän şu göreldesi ýatyr. Şeýle terbiýäni alyp durmuşa çykan gyzlar, baran öýünde uz ýaşynyp mähremlik bilen hyzmat edýärler. Ýaşynmak däbi gelniň baran öýüniň ýaşulylaryna sylag-hormaty aňladýar. Onuň ähmiýeti bolsa, gaty gaýrym söz diýişmekden, haýsydyr bir zada gaharyň geläýende-de jogap gaýtarmakdan saklaýar.

Gadym döwürden gelýän şeýle bir rowaýat bar. Bir gelin gaýynenesi bilen oňuşmaýandygyny, öýde güni bir bolsa, gohlarynyň iki bolýandygyny aýdyp bir dananyň ýanyna maslahat sorap barýar. Dana oňa bir meşik “melhemlik suwy” berip haçan gaýynenesi iňirdäp başlanda şol suwy agzynda ýuwutman saklamagy we belli bir wagtdan soň dökmelidigini sargaýar. Eger ýuwdaýsa saglygyna gaty zyýan ýetirjegini aýdýar. Maşgalanyň asudalygy üçin ähli zada kaýyl gelin berlen “melhemi” alyp, öýüne dolanýar. Dananyň aýdyşy ýaly, gaýynenesi haýsydyr bir zat üçin iňirdäp başlanda agzyna suw alyp işlerini ediberýär. Bu ýagdaý birnäçe gün gaýtalanandan soň, gaýynenesi gelniniň bolşuna haýran galýar, boşuna käýinjiräp ýörmekden utanyp başlaýar, hatda gelnini öz çagasy ýaly söýmäge başlaýar.

Günlerde bir gün gelin sowgat-serpaýly dananyň gapysynda häzir bolýar, hem beren gudratly “melheminden” örän haýyr tapandygyny aýdýar. Şonda dana oňa şeýle:

-Seň “melhemlik suwy” diýýäniň adaty bir suwdy. Sen öýüň içindäki şu bagtyýar gatnaşyklary diňe başgalaryň nägileligine jogap gaýtarman, gaharlanyna üns bermäniň bilen ýola goýduň-diýip düşündirýär.

Şu rowaýatdan görnüşi ýaly täze gelniň gelmegi bilen öýüň abadanlaşmagynda, asuda bolmagynda, agzybir gatnaşyklaryň berkemeginde ýaşynmak däbini berjaý etmegiň ähmiýeti uludyr.

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler