Türkmen-owgan onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi.

Gepleşikleriň gün tertibinde – hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlary boýunça birek-birek üçin bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy orun aldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geçiren duşuşuklarynyň netijeliligini hem-de derwaýyslygyny aýratyn nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň oňyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem dowam etmäge özara taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Hususan-da, söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.

Bu ugurda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ugrunyň gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikirleri alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, sebitleýin ähmiýete eýe bolan bu taslamalar Owganystanyň çäginden üstaşyr geçirmek arkaly Günorta Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasynyň eksport edilmegi üçin mümkinçiliklerini döredýär we bitewi logistika merkezi bilen utgaşdyrylan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ugrunyň giňeldilmegi üçin zerur şertleri döredýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýokarda görkezilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözgüdine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn nygtadylar. Hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa we üstaşyr-logistika ugurly talabalaýyk infrastrukturanyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Related posts

30-njy Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

TIF 2026 ilkinji gatnaşyjylary eýýäm Aşgabatda: forum Türkmenistanyň taryhyna syýahat bilen başlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Mukaddes Garaşsyzlyk-bagtyýarlygyň şuglasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumy açyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 1-nji oktýabrda halkara maýa goýum forumy badalga alýar

Ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy ösdüriler

Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşini dörediler

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklary we kuboklary dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri halypa çapyksuwarlaryň toý çapuwynda ýeňiji boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Marian Weltewreden «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG-niň demografik durnuklylyk boýunça ýokary derejeli çäresine gatnaşdy

Türkmenistanly aýdymçy «Salam, Andreý!» telewizion gepleşigiň myhmany boldy

Baýramçylyk at çapyşygy: ýeňijiler pul sylaglary bilen sylaglandy

Türk ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny gutlady

Ilham Aliýew: Azerbaýjan doganlyk Türkmenistanyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar