JEMGYÝET

Hazar düwlenleri: ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­

Dür­li guş­la­ryň, ba­lyk­la­ryň me­ka­ny bo­lan Ha­zar deň­zin­de olar­dan baş­ga-da leň­ňeç­ler, suw pyş­dyl­la­ry, suw ýy­lan­la­ry, düw­len­ler ýa­ly suw jan­dar­la­ry hem ýa­şa­ýar­. Süýdem­di­ri­ji­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li Ha­zar düw­len­le­ri­niň gör­nü­şleri, ola­ryň kö­pe­li­şi we kä­bir üýt­ge­şik hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da bil­mek hem­me­ler üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek diýip Hal­mu­ham­met Haýyýewiň https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/ saýtyndaky makalasynda aýdylýar.

Düw­len­ler ba­ra­da gys­ga­ça aý­dyp geç­sek, dün­ýä­dä­ki suw­lar­da ola­ryň 30-dan gow­rak gör­nü­şi ha­sa­ba al­nan­dyr. Olar ulu­ly­gy, daş­ky gör­nü­şi, reň­ki, hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Ýer to­ga­la­gy­nyň de­mir­ga­zyk ýurt­la­ryn­da­ky uly suw­lar­da düw­len­le­riň uzyn­ly­gy 6,5 met­re, ag­ra­my 2,5 ton­na çen­li ýet­ýän­le­ri hem bar. Äpet­li­gi se­bäp­li, olar de­ňiz pil­le­ri diý­li­bem at­lan­dy­ryl­ýar. Uly suw­lar­da­ky düw­len­le­riň kä­bi­ri öz awu­nyň göz­le­gin­de bo­lup, al­ty ýüz metr çuň­lu­ga çen­li çü­müp, bir­nä­çe wagt su­wuň aşa­gyn­da he­re­ket edip bil­ýär. Olar gu­ry ýer­de oňaý­ly he­re­ket edip bil­me­se­ler-de, suw­da iň çalt ýüz­ýän jan­dar­lar ha­sap­lan­ýar. Öň ta­rap­ky ýüz­güç­le­ri suw­da di­ňe ug­ru­ny üýt­get­mek üçin hyz­mat edip, esa­sy yz­ky ýüz­gü­ji­niň kö­me­gi bi­len he­re­ket ed­ýär. Düw­len­le­riň kä­bir gör­nü­şi suw­da sa­gat­da 25 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Em­ma ke­na­ra çy­kan wag­ty gu­ry ýer­de uzak ýol aş­mak ola­ra mah­sus däl­dir. Yz­ky ýüz­güç­le­ri­ne da­ýa­nyp bil­me­ýän­di­gi üçin olar gu­ry ýer­de di­ňe öň­ki ýüz­güç­le­ri­niň kö­me­gi bi­len hem-de göw­re­le­ri­ni iki ta­ra­pa ok­la­mak ar­ka­ly öňe he­re­ket ed­ýär. Suw­da ýa­şa­ýan beý­le­ki süý­dem­di­ri­ji­ler­den ta­pa­wut­ly ta­ra­py ola­ryň ke­na­ra hem çy­kyp, öz wag­ty­nyň bel­li bir bö­le­gi­ni gu­ry ýer­de ge­çir­ýän­di­gi­dir.

Hazar düwlenleri Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­nda

Ha­zar düw­len­le­ri ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, olar dün­ýä suw­la­ryn­da duş gel­ýän en­çe­me gör­nüş­li düw­len­le­riň ara­syn­da özü­niň ki­çi­li­gi bo­ýun­ça Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­dir. Olar reň­ki bo­ýun­ça ak düw­len­ler, gök düw­len­ler, ala düw­len­ler ýa­ly gör­nüş­le­re bö­lün­ýär. Ha­zar düw­len­le­ri­niň iň ulu­sy­nyň uzyn­ly­gy 1 metr 20 san­ti­metr­den 1 metr 40 san­ti­met­re çen­li ara­lyk­da bol­ýar. Ag­ra­my 45 — 55 ki­log­ra­ma çen­li bo­lup, olar 25 — 30 ýyl, hat­da on­dan hem uzak ýa­şa­ýar. Jyn­sy bo­ýun­ça düw­len­le­riň er­ke­gi­niň öm­ri ur­ka­çy­la­ry­nyň­ky­dan on ýaş ýa­ly gys­ga bol­ýar.

Gün­ba­tar Türk­me­nis­tan­da gy­şyň or­ta­ky aý­la­ry­nyň aýa­zy­na düw­len so­wu­gy di­ýil­ýär. Bu ýö­ne ýer­den aý­dy­la­nok. Möw­süm­de ho­wa­nyň de­re­je­si has pe­se dü­şüp, köp suw­lar, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň de­mir­ga­zyk ta­ra­py­nyň ke­nar gy­ra­la­ry hem doň­ýar. Şol dö­wür­de bol­ýan do­ňak­ly­ga il ara­syn­da düw­len do­ňa­gy di­ýil­ýär. Bu ýag­daý, adat­ça, few­ral aýy­nyň ikin­ji on­gün­lü­gi­niň ba­şyn­dan ahy­ry­na çen­li do­wam ed­ýär. Şeý­le so­wuk­lar­da düw­len­ler deň­ziň de­mir­ga­zy­gy­na ta­rap gi­dip, do­ňak­lyk ýer­ler­de bu­zuň ýa-da ke­nar­da­ky üs­ti do­ňan ýyl­ma­nak daş­la­ryň üs­tün­de kö­pel­ýär. Bu tä­sin jan­dar­la­ryň ýe­ne-de bir üýt­ge­şik hä­si­ýet­li ta­ra­py — olar öz ça­ga­sy­ny on-on bir aý tö­we­re­gi göw­re­sin­de gö­ter­ýär. Olar, köp­lenç ha­lat­da, bir ça­ga do­gur­ýar. Em­ma seý­rek ýag­daý­da iki ça­ga do­gur­ýan­la­ry hem duş­ýar.

Öz rys­gy­ny go­ja Ha­za­ra bag­lan, Ga­ra­bo­gaz, Gar­şy se­bit­le­rin­de ýa­şap, bü­tin öm­rü­ni ba­lyk­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp ge­çi­ren mer­hum No­bat ba­lyk­çy­nyň og­ly, seg­se­niň on­lu­gy­ny ar­ka atan Ta­gan­dur­dy No­bat og­lu­nyň Ha­zar deň­zi we onuň haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly tä­sin­lik­ler ba­ra­da ka­ka­syn­dan eşi­den kä­bir gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ni oky­jy­la­ra ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik. Ça­ga­ly­gy­ny hä­zir­ki Ga­ra­bo­gaz şä­he­ri­niň bir men­zil gow­rak de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­le­şen, Ojak diý­lip at­lan­dy­ry­lan şol wagt­ky ba­lyk­çy­la­ryň ki­çi­räk oba­syn­da ge­çi­ren No­bat aga bu ke­nar­la­ryň daş­lyk ýer­ler bo­lup, düw­len so­wu­gy­nyň do­wam ed­ýän dö­wür­le­ri bu jan­dar­la­ryň ju­da köp muk­dar­da bo­lan­dy­gy­ny, ola­ryň, köp­lenç, şol ýer­ler­de kö­pe­len­di­gi­ni gür­rüň be­rer eken. Düw­len­ler ça­ga­lan­dan soň, ola­ry ke­nar­da­ky do­ňan buz­la­ryň, ýyl­ma­nak daş­la­ryň oýug­rak ýer­le­rin­de sak­lap, iki-üç hep­de çe­me­si ese­wan­lyk bi­len ulald­ýar­lar. Bir hep­de çe­me­si wagt­dan soň ça­ga­sy yzy­na eýer­ýän­çä, oňa de­ňiz­den aw­lan iý­mit­le­ri­ni ge­ti­rip iý­mit­len­dir­ýär. Şol dö­wür­de ene düw­len­ler bi­raz hor­lan­ýar, em­ma öň­ki top­lan de­ras­ty ýag­la­ry güý­jü­ni sak­la­mak üçin ýe­ter­lik bol­ýar.

100 metr çuňlukda aw gözlemek

Ha­zar düw­len­le­ri, esa­san, ow­nuk ba­lyk­la­ry aw­lap oň­ňut ed­ýär. Olar öz awu­ny göz­läp, 80 — 100 met­re çen­li çuňlukda su­wa çü­müp, bir­nä­çe mi­nut­lap su­wuň aşa­gyn­da bo­lup bil­ýär. De­ňiz­de ba­lyk­çy­la­ryň gu­ran to­ru­na dü­şen ba­lyk­la­ra ga­bat gel­se­ler, ýe­ňil ol­ja­ny he­zil edip saý­lap iý­ýär­ler. Ola­ryň tor­da­ky «taý­ýar aş­la­ryň» her­si­ne bir agyz urup, iý­se-iý­me­se-de, bö­lek-bü­çek edip, par­ça­lap gi­de­ni­ne bir­nä­çe ge­zek ga­bat gel­nen­di­gi­ni kä­bir ba­lyk­çy­lar gür­rüň ber­ýär.

Ha­zar düw­len­le­ri ýaz-to­mus aý­la­ry, esa­san, deň­ziň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki Ogur­ja­ly ada­sy­nyň ke­nar­la­ryn­da mes­gen tut­ýar. Ho­wa­nyň ýy­ly döw­rün­de ada­nyň bu asu­da ke­na­ryn­da kö­pel­ýän ow­nuk ba­lyk­la­ryň sü­rü­si­dir suw leň­ňeç­le­ri­ni aw­la­mak olar üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar.

Äh­li suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ra mah­sus bol­şy ýa­ly, düw­len­le­riň hem uzak­dan gö­rü­ji­li­gi pes­dir. Em­ma ola­ryň ys aly­jy­lyk we eşi­diş uky­by örän ýo­ka­ry. Olar 300 — 400 metr ara­lyk­dan ys alyp, öz ol­ja­sy­ny peý­läp aw­la­ýar.

Ha­zar deň­zin­dä­ki ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­

Ha­zar düw­len­le­ri­niň ki­çi­le­ri bir gü­nüň do­wa­myn­da, or­ta­ça, 1-1,5 ki­log­ram tö­we­re­gi iý­mit bi­len oň­ňut et­se, ulu­la­ry 4-4,5 ki­log­ra­ma çen­li iý­mit iý­ýär. Düw­len­le­riň bu gör­nü­şi­niň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy olar di­ňe Ha­zar deň­zin­de ýa­şap kö­pel­ýär. Şeý­le-de olar Ha­zar deň­zin­dä­ki ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­ler ha­sap­lan­ýar. Şo­nuň üçin bu düw­len­ler Te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky hal­ka­ra bir­le­şi­giň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­dir. Ha­zar düw­len­le­ri deň­ziň türk­men bö­le­gin­de-de ýe­ter­lik. Bu tä­sin suw jan­dar­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­byn­dan orun alan­dy­gy­ny ag­za­mak diý­seň ýa­kym­ly.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy