JEMGYÝET

Täze elektron neşiri döredildi

Häzir ýurdumyzda ençeme gazetdir žurnal neşir edilýär. Olar arkaly ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalar, täzelikler bilen tanyş bolýarys. Dürli mowzukdaky makalalar milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz barada gyzykly gürrüň berýär.

2020-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşyk düýpgöter tapawutlandy. Gazet-žurnallara abuna ýazylyşyk iki görnüşde — çap edilýän hem-de elektron görnüşli neşirler boýunça geçirildi. 1-nji iýuldan öz işine başlaýan täze elektron neşire abuna ýazylyşyk okyjylarda uly seslenme döretdi. Oňa abuna ýazylan her bir okyjy özüniň öýjükli telefonyna, planşedine ýa-da kompýuterine internet torundan «Türkmenmetbugat» elektron neşiriniň ýörite taýýarlanan programmasyny «Play Market» hem-de «App Store» internet gollanma dükanlaryndan ýükläp alyp, onuň üsti bilen abuna ýazylyp, gündelik wakalary gyzgyny bilen okap biler. Abuna ýazylyşykda okyjynyň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýörite sanly ulgam arkaly telefon belgisiniň ýa-da bank kartynyň üsti bilen elektron neşire nagt däl görnüşde töleg töläp, abuna ýazylyp bilýändigini aýratyn bellemegimiz gerek. Abunanyň bir aýlygynyň bahasy 10 manat.

Üç dilde hereket etjek täze elektron neşiriň aşaky burçunda «Sazlamalar» diýlen ýörite bölüm bar. Onda okyjy baradaky maglumatlar, onuň telefon belgisi, şeýle-de abuna ýazylan möhleti, abuna ýazylyşygynyň näçe gününiň geçendigi ýa galandygy baradaky maglumatlar ýerleşdirilen. Bölümleriň ýene birinde okyjylar tarapyndan iň köp okalýan gazetdir žurnallar, olarda ýerleşdirilen makalalar görkezilýär. Bu bolsa neşiriň okyjylarynyň haýsy gündelik gazeti, haýsy makalany uly gyzyklanma bilen okaýandygyny sanly ulgamyň üsti bilen bilmek mümkinçiligini döredýär. Elektron neşiriň iň amatly taraplarynyň biri hem oňa okyjylaryň abuna ýazylyşygynyň möhletini öz islegine görä saýlap bilmegidir.

«Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen gysgaça tanyşdyrsak, onda neşire abuna ýazylan okyjy, ilki bilen, gündelik syýasy wakalar bilen tanşyp bilýär. Gazetde ýa-da žurnalda ýerleşdirilen makalalary okamak bilen gyzyklanýanlar üçin programmanyň ýokarky burçunda «Baş sahypa», «Habarlar», «Gazetler», «Žurnallar» ýaly bölümler bar. Şol bölümleriň üsti bilen özümize gerekli habarlary, gazeti ýa-da žurnaly saýlap alyp, ondaky täzeliklerdir makalalary okap bilýäris.

Indi raýatlarymyz ýolda, işde, ekin meýdanlarynda, islendik ýerde gazetdir žurnallardaky makalalary täze elektron neşiriň — «Türkmenmetbugatyň» üsti bilen öýjükli telefonlaryndaky ýa-da kompýuterlerindäki programmanyň üsti bilen okap bilerler.

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy