Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglaryna bolan isleg barha ýokarlanýar. Elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiliginiň çalt depginde ösmegi beýle bir ýönekeý däl. Birinjiden, awtoulaglar üçin niýetlenilen batareýalary üçin çig mal diňe birnäçe ýurtda jemlenendir. Ikinjiden bu çig malyň çykarylmagy çynlakaý durmuş we daşky gurşaw netijeleri bilen baglanyşykly.
BMG-niň Söwda we ösüş maslahatynyň (UNCTAD) hasabatyna görä, 2030-njy ýyla çenli şäherleriň köçelerinde benziniň ýa-da dizeliň ýerine elektrik batareýalarynda işleýän hereketlendirijili 20 million awtoulag peýda bolar. Deňeşdirmek üçin aýdylanda bolsa, häzirki wagtda olaryň sany 5 milliondan gowrakdyr.
Häzirki wagtda iň köp zarýad berilýän awtoulag batareýasy litiý-ion batareýidir. Şeýle batareýalar üçin katodlaryň dünýä bazary 2018-nji ýylda 7 milliard dollar diýlip çaklanyldy. 2024-nji ýyla çenli bu görkeziji 58,8 milliard dollar bolar.
Emma awtoulag batareýalary üçin çig mal diňe birnäçe ýurtda jemlenendir. Şeýlelik bilen, dünýädäki kobalt gorlarynyň takmynan 50 göterimi Kongo Demokratik Respublikasynda, litiý gorlarynyň 58 göterimi Çilide, tebigy grafit gorlarynyň 80 göterimi Hytaýda, Braziliýada we Türkiýede, marganes ätiýaçlyklarynyň 75 göterimi Awstraliýada, Braziliýada we Günorta Afrikada we Ukrainada bar.