Türkmenistanda milli söwda nyşanly telewizorlar öndüriler

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Smart TV platformaly we IP-týunerli telewizorlary ýygnamaga hem-de olary synagdan geçirmäge girişdi. Alyjylara telewizoryň suwuk kristal ekranly we 4K Ultra HD görnüşli, diagonaly 32 hem 42 dýuým «Tolkun», şeýle hem 55 dýuým «Zemin» nusgalary teklip ediler.

Täze kärhana ýylda içki bazara we eksporta niýetlenen telewizorlaryň 100 müňüsini çykarar. Olar “Xin Hong Bo Trading Limited” kompaniýasynyň (Hytaý) tehnologiýasy we komplektleýjileri ulanylyp ýygnalýar.

Täze kärhana Aşgabadyň ozalky «Türkmenkabel» zawodynyň meýdanynda döredildi. Bu ýerde täzeden gurnama işleri geçirildi, ýygnama enjamlary oturdyldy, arassaçylyk zolaklary, elektron komponentleri ýygnamak üçin tämiz otag we beýleki uçastoklar enjamlaşdyryldy. Plastmas önümleri taýýaralaýan önümçilik bölüminde ýerli çig maldan gabara detallaryny öndürmek göz öňünde tutulýar. Goşmaça iş orunlarynyň 130-sy döredildi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti – elektron we elektrotehnika senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak we eksporta gönükdirmek strategiýasynyň jähtinden döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu hojalyk jemgyýeti ýaşaýyş we senagat otaglarynda ulanylýan LED-çyralar, depelik çyralar, köçe yşyklandyryjylar önümçiligini işe girizdi. Kompýuterleri, planşetleri, ýurduň bilim edaralary üçin bilim berýän kompýuterleri ýygnamak ýola goýuldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň ilçisini kabul etdi

24-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada ýörite sylaga mynasyp boldy

Maýa Mülkiýewa: aýdymçy mugallym

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň roboty Useýn Boltuň dünýä rekordyny täzeledi

Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkasynda tanyşdyryldy

Eýranda iri gaz ýatagy tapyldy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda wise-prezident wezipesi döredilýär

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna 5 milliard dollar maýa goýar

Ata Watan Eserleri

«Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Gazagystanda Gurultaý üçin saýlawlar geçirilýär

“Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogyny 12-nji gezek eýeledi

Pekinde II Bütündünýä robotlar bäsleşigi badalga aldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atçylyk diplomatiýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyk işler bilen tanyşdy

Aşgabadyň demirgazyk künjeginde saglyk şäherçesi dörediler

Ýaş türkmen küştçüleriniň halkara ýeňşi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS» kompaniýasy ähtnama gol çekdi