19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly orta we ýokary bilim ulgamynda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwrebap sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim edaralarynda uzak aralykdan okatmak işleri ýola goýuldy we wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mümkin bolan ylmy maslahatlar geçirilýär. Häzirki döwürde hormatly PrezidentimizIň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlarda orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli raýatlara bilim bermek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly uzak aralykdan bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak tejribesi öwrenilýär.
Ýurdumyzda toplanan milli tejribelere we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykdan okuw-gollanma kömegini bermek we mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak teklip edilýär.
Milli Liderimiziň başlangyçlaryna laýyklykda, ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärler öz ugry boýunça ýokary hünär bilimini alarlar. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullary giňden peýdalanylar.
Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza bilim edaralarynda uzak aralykdan bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegine mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ulanmak boýunça döwrebap düzgünnamalary taýýarlamak hem-de olary girizmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň öz ösüşinde IT tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagyny esasy ugur edinýändigini we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak konsepsiýasyny amala aşyrýandygyny belledi.
Milli Liderimiz orta we ýokary bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň özleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Onuň netijesinde, bilimiň täze görnüşi bolan uzak aralykdan okatmak mümkinçiligi emele geler.
Bellenilişi ýaly, bilim ulgamyna ornaşdyrylýan täzeçil usullar milli bilim ulgamynyň derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürer, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şertleri döreder.