GYMMATBAHA DAŞLARYŇ BIRI
Magtymguly Türkmeniň poeziýasy gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.
Magtymguly Jemşidiň jamydyr.
Ý. E. Bertels
***
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY
Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň iň parlak ýyldyzlarynyň biridir. Magtymguly türkmen edebi diliniň iň beýik ussadydyr. Şygyr diliniň we şygyr formasynyň sadalygy, halk diline ýakynlygy, okyjylar köpçüligine düşnükli bolmagy Magtymgulynyň ady bilen baglydyr.
- Dadaşzade
***
TÄSIRLI SÖZLER
Magtymguly gylyjy söz bilen deňeşdiripdir. Ol müňlerçe we müňlerçe gezek mamladyr: onuň täsirli sözleri asyrlar boýy saklanyp galdy. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen, beýik ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň döredijiligi bilen hakly deňeşdirip bilerin.
- Draç
***
AJAÝYP EDEBIÝAT
Türkmenleriň klassyky edebiýaty Gündogaryň beýik edebiýatynyň pudagydyr. Bu ajaýyp edebiýatda diňe Magtymgulynyň adyny tutmaklyk-da ýeterlikdir.
Ý. Oleşa
***
TÜRKMEN KOWUMYNYŇ TARYHY
Magtymgulynyň diwany türkmen kowumynyň jemgyýetçilik ýagdaýydyr we taryhydyr.
Ahmet Alemi
***
ŞATLYK WE YLHAM ÇEŞMESI
Türkmen halkynyň genial oglunyň eserlerini terjime etmek maňa şahyr hökmünde uly döredijilik şatlygyny berdi. Sebäbi hakyky hudožnik bilen gatnaşykda bolmak şatlygyň we ylhamlanmagyň çesmesidir.
- Aminzade
***
AÝDYŇ AKYL, ÝITI NAZAR
Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi onuň aýdyň akylynyň, laçynyňky ýaly ýiti nazarynyň halk durmuşyna çuňňur aralaşmagyndadyr.
Ş. Beýşenalyýew
***
PIKIRDEŞLER
Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden ejir çekmekde türkmen klassygy Magtymguly beýik wenger şahyry Şandor Petefä örän ýakyndyr, ol hem azatlyga we hakykata çagyrypdyr. Olary aýyrýan taryhy menzile garamazdan, iki halkyň genilerini pikirdeşler diýip jedelsiz atlandyrmak bolar.
Dýarfoş Endre
***
ŞAHYRANA GÜÝÇ BILEN
Doganlyk türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulyny iň gumanistik ideýalary uly şahyrana güýç bilen halkyň göwnüne ornaşdyryp bilenligi üçin söýýärin.
I .Ishak
***
DÜNÝÄ POEZIÝASYNYŇ ELBURSY
Biziň halklarymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elburs dagy bilen deňeşdirilýär. Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny-da şol belent dag bilen deňeşdiresim gelýär. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl-de, eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasaplaýarys.
- K. Kulyýew
***
MAGTYMGULYNYŇ DÜNÝÄ OKYJYSY
Bu gün Magtymgulynyň şygyrlary dünýä halklarynyň pähim baýlygynyň hazynasyna ymykly goşuldy. Sebäbi dünýä okyjysy olardan diňe türkmen durmuşyny däl, eýsem, öz durmuşyny-da görüp bilýär.
- K. Kurambaýew
***
IÇGINLIK
Magtymgulynyň şahsyýetini, durmuşyny içgin seljerenimizde, ol biziň göz öňümizde mugallymyň, filosofyň, demokratyň, gumanistiň, akyldaryň we keramatly adamyň keşbinde peýda bolýar.
Muhammed Ansrullah
***
MUSULMAN ÄLEMINIŇ AKYLDARY
Ylahy yşky wasp ediji beýik türkmen aryfy we şahyry Magtymguly Pyragy külli musulman äleminiň akyldarydyr.
Mehmet Ýuwa
***
ÖWRENERE ZAT KÖP
Men henize çenli şeýle özboluşly we özüniň döredijiligi bilen şeýle geň häsiýetli, şygyrlary çuň manyly şahyra az duşupdym…. Magtymgulynyň döredijiliginde öwrenere zat köp.
Prof. Nowiçenko
***
ONUŇ ADYNY HEMMELER BILÝÄR
Bizde – Garagalpagystanda ajaýyp türkmen şahyrynyň adyny ýa goşgularyny bilmeýän ne garrydan, ne ýaşdan ýekeje adamam ýok.
- M. Nurmuhammedow
***
KÜLLI TÜRKMENIŇ HALYPASY
Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr.
- A. N. Samoýlowiç
***
GYZYKLY TEMA
Magtymgulynyň şygyrlarynda söýgi temasy has gyzyklydyr. Onuň bu goşgularynda şahyryň çuňňur söýgi duýgusyny, giň dünýägaraýşyny we söz baýlygyny görmek bolýar.
- A. Sogomonýan
***
BEÝIK SÖZ ÝOK BOLMAÝAR
Magtymguly halk poeziýasynyň fakelini belent tutdy. Fanatikler we nadanlar onuň golýazmasynyň köp sanlysyny ýok etdiler. Emma olar diňe kagyzy ýakdylar – beýik sözi ýok edip bolmaýar.
Nabi Hazri
Taýýarlan Laçyn Gylyjowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby