JEMGYÝET

Uly tüsse dagyna ýollar açyldy

Ýakynda ABŞ-da ýerleşýän Uly Tüsse daglaryna syýahat üçin ýol açyldy. Bu ýere syýahat üçin ýollar dünýäniň käbir meselelere görä gysga wagtlyk ýapylypdy. Emma muňa garamazdan daglara syýahata çykýan syýahatçylaryň sany gün-günden artmagyna garaşylýar.

Belki-de bu dagyň ady size geň bolup görünmegi mümkin. Ýöne bu dagda belli bir belentlikden soňra tüsseli ýagny ümürli bolup duransoň, ýerli ilat oňa Uly Tüsse dagy diýip atlandyrýar. Bu ýer özüniň tebigy gözelligi, arassa howasy, haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tennessi bilen Demirgazyk Karolina serhediniň çäklerinde ýerleşýän Uly tüsse daglary, ýurduň iň köp zyýarat edilýän milli seýilgähi hasaplanýar.

 

Related posts

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Ata Watan Eserleri

Katy Perry ilkinji perzendine garaşýar

Ata Watan Eserleri