JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar.

Onlaýn-söhbetdeşligiň barşynda şeýle-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredilip geçildi. Hususan-da, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan beýleki bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar biziň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna degişli bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler. Taraplar ykdysadyýetiň oba hojalyk, ulag, energetika, öňdebaryjy tehnologiýalar we daşky gurşawyň goragy ýaly ähmiýetli ulgamlarynda bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagynyň we naýbaşy tejribeleriň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi