JEMGYÝET

London moda hepdeligi sanly görnüşde geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän London moda hepdeligi sanly ulgamda geçiriler.

Iňlis moda geňeşiniň baş müdiri Karolin Ruş London moda hepdeliginiň tutuşlygyna sanly ulgam arkaly geçiriljekdigini, guramaçylaryň aýallar we erkekler üçin egin-eşik ýarmarkalaryny birleşdirjekdigini habar berdi.

Şeýle hem iýun aýynda geçiriljek bu çäräniň Şanhaýda we Moskwada moda hepdeligi başlanandan soň hemmeler üçin açyk boljak söhbetdeşlikler we sanly sergi otaglary ýaly multimediýa tanyşdyrylyşlarynyň boljakdygy mälim edildi.

Iňlis moda geňeşiniň baş müdiri Karolin Ruş: “Medeni moda hepdeligi platformasyny döretmek bilen, sanly innowasiýany häzirki döwrüň zerurlyklaryna laýyk durmuşa geçireris we geljekde global sergi hökmünde ösdürilmegi göz öňünde tutýarys” -diýdi.

12-nji iýunda başlajak London moda hepdeligi internetde göni efirde görkeziler.

Related posts

COVID 19-nyň kanuny ölçegi barada ilkinji kitap

Ata Watan Eserleri

Duşenbede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary başlanýar