SIZDEN GELENLER

Goňşy döwletiň muzeýleri

Özbegistan döwletiniň  baý taryhy-medeniýeti we ruhy aýratynlygy dogrusynda bilmek isleseňiz, onda bu ýurduň muzeýlerine baryp görmegi maslahat berýäris. Okyjylary özbek halkynyň medeniýeti bilen azajyk hem bolsa tanyş etmek maksady bilen bu ýurduň meşhur muzeýleri dogrusynda makala taýýarladyk.

Ilkinji jemgyýetçilik muzeýi Daşkentde 1876-njy ýylda açylypdyr. Munuň bilen bir hatarda Ülkäni öwreniş muzeýleri 1896-njy ýylda Samarkantda, 1899-njy ýylda bolsa Ferganda açyldy.

Häzirki wagtda Özbegistanyň çäginde 444 sany muzeý hereket edip, şonuň 155-si döwlet muzeýleridir. Esasy ugurlary boýunça olar taryh, ülkäni öwreniş we öý muzeýleri diýen toparlara bölünýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda 20 sany täze muzeý guruldy. Bu muzeýlerde 2,5 müňden gowrak eksponatlar saklanýar. Olaryň köpüsi arheologiki, etnografiki, bezeg tapyndylary bolsa, köpüsi bolsa golýazmalardyr. Şol muzeýlerden iň meşhurlary hökmünde Özbegistanyň döwlet taryh muzeýi, Özbegistanyň döwlet sungat muzeýi, Garagalpagystan Respublikasynyň Sawiniskiý adyndaky döwlet sungat muzeýi we beýlekileri agzamak bolar.

Özbegistanyň döwlet sungat muzeýi. Muzeý 1918-nji ýylda esaslandyrylyp, özüniň dürli ugurlardaky taryhy ýadygärlikleri boýunça tapawutlanýar. Muzeý 4 sany bölümden ybarat bolup, olar amaly-haşam bölümi, uzak gündogaryň sungaty bölümi, Russiýanyň we günbataryň sungaty bölümi, Özbegistanyň şekillendiriş sungaty bölümi. Ady agzalan birinji bölümde Özbegistanyň iň gadymy, orta we häzirki zaman medeniýetine degişli gymmatly senetçilik önümleri saklanýar. Häzirki wagtda muzeýiň bu bölüminde el halylary, keşdeleri, owadan gap-gaçlary görmek bolýar.

Ikinji bölümde adyndan görnüşi ýaly uzak gündogarda ýerleşýän Hindistan, Hytaý, Günorta Koreýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň taryhyna, medeniýetine degişli gymmatlyklary synlap bilersiňiz.

Russiýanyň we günbataryň sungaty bölüminde XV-XIX asyra degişli bolan Ýewropaly meşhur suratkeşleriň, russiýaly ikonaçylaryň eserlerine gabat gelmek mümkin.

Dördünji bölüm muzeý boýunça iň uly bölüm bolup, özbek suratkeşleriniň işleri boýdan-başa ýerleşdirilendir.

Özbegistanyň we Teýmirleňiň taryhy muzeýi. Bu muzeý merkezi Aziýada iň gadymy muzeýleriň biri bolup, onda V asyrdan başla tä biziň günlerimize çenli  özbek siwilizasiýanyň dürli döwürlerdäki ýagdaýy bilen baglanyşykly eksponatlary öz içine alýar. Mundan başga-da muzeýde Teýmirleňiň muzeýine hem baryp görmegi maslahat berilýär. Sebäbi bu muzeýde Teýmirleňiň döwleti dolandyran döwrüne we onuň nesillerine degişli bolan gymmatlyklar ýerleşdirililen.

Wagonlaryň muzeýi. Bu muzeý hem özboluşly muzeý bolup, onuň taryhy merkezi Aziýada ilkinji demir ýoluň gurulmagyna 100 ýylyň dolamagyna  bagyşlanyp, 1989-njy ýylda açylýar.  Muzeýe syýahatyň dowamynda siz otlularyň, wagonlaryň, teplowozlaryň taryhyna umuman alanyňda demir ýoluň taryhyna degişli gymmatlyklary aýratynda, diňe Beýik Watançylyk urşy barada düşürilen kinofilmlerden başga hiç ýerde duş gelmeýän enjamlary hem görmäge mümkinçilik bar.

Gurjaklaryň muzeýi. Oýunjak ýasamak-aýratyn bir hünär bolup, ýurduň milli oýunjaklaryndan halkyň ýüzüni, medeniýetini görüp bolýar. Her käriň aýratyn  taryhynyň bolşy ýaly bu hünäriň hem özboluşlylygy bar. Muzeýde Buhara mekdebiniň taryhy, oýunjak ýasamaklygyň başyny başlan adamlar, käriň taryhy barada gyzykly maglumatlar diňläp, ajaýyp, owadan we gülkünç gurjaklary we oýunjaklary görüp bolýar.

 

Taýýarlan: Sona HALYKOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady