Bu şygyr, iki bent bilen goşulmalaryň göwnüniň ýykylan güni ýazyldy. Goşulmanyň göwnüne degen ümlük. Onuň eden jenaýatçylyk işi: äsgermezçilik, üstünden gülme; goşujylyga, ýasaýjylyga we üýtgedijilige garşy çykmak; DJK-nyň (Diliň jenaýat kodeksiniň 1,3,5-nji maddalary)…
Hormatly okyjylar! Siz gelinleriň gozgalaňyndan habarlysyňyz, ýöne goşulmalaryň gozgalaňy hakynda belki-de ilkinji gezek eşidýänsiňiz.
“Goşulma nire, gozgalaň nire?!” diýip, kelläňizem döwüp oturmaň, birinden sorajak bolup azara hem galmaň…
Ol-a asyl beýle däl ekeni. Seljerip otursaň, bularyň gozgalaňy gaty aňyrdan gaýdýan eken, ynanmasaňyz özüňiz okap göräýiň. Gözüňiz nämäni görmeýär?! Entegem ýarysyny ýazdym, baryny okasaňyz dagy-ha bar onsoň …
“Söz toparlarynda adyňyz-da ýok,
Hat-da size sorag hem soralanok,
Siz bir gezip ýören haýwan mysaly,
Munyňyz-a asla tasa gelenok!
Özbaşdak manyny berip bileňzok,
Hemişe yzda siz, öňe geleňzok,
Haçana çen sizi süýräp gezmeli,
Aslynda siziň-ä geregiňiz ýok!”
Bir ümlük goşulmaň üstünden güldi,
Bu-da uly wakaň sebäbi boldy.
Goşulmalaň bary bir ýere üýşüp,
“Iş taşlalyň!” diýen karara geldi.
Şeýleräk başlandy dawa-gozgalaň,
Solda sözler, sagda goşulma kileň,
Dilde görülmedik “Dünýä Söweşi”,
Solda dur, goşulmaň üstünden gülen.
Sözleň ýary atly, ýary hem pilli,
Enjamy ýeterlik, goşun -usully,
Pyýada goşulmaň elinde naýza,
Orny belli, sap tutup dur asylly.
“Dünýä Dilleriniň Komitetine!
Iň ýokary dil başlygnyň adyna!”
Nama ýollap, söweş yglan etdiler,
Kim ýeterkä goşulmanyň dadyna?!
Çaknyşygyň wagty ertir azandan,
Çürt-kesik edilsin, beýdip uzandan,
Goşulmaň serdary geňeş geçirdi,
Hiç bir zady gaçyrmady gözünden.
Her kimiň hyzmatyn anyklap berdi,
“Dil tilsim oýnunyň” planyn gurdy.
Hergiz gorkmaň siz olaryň sanyndan,
Munuň üçin serdar “-lar/-leri” gördi.
Şeýdip, “-lar/-ler” garşy çykjak köplüge,
Duşman mejbur boljak ýekme-ýeklige.
Olaň sany şol pursatda azaljak,
Köplük tilsiminden geldik täklige.
Soňra serdar geldi ýöňkeme sary,
Gulak berýär oňa şahslaň bary,
Üç hatar guraň-da, çozuň azgybir,
Edil sürä çozuşy dek aç böri!
Şahslar ýöňkelen hyzmaty aldy,
Atlylara garşy hatyrjem boldy.
Serdar beýanynyň etdi dowamyn,
Soňra düşümleriň ýanyna geldi.
“Gadamyňyz batly, düşümli bolsun!
Her düşüm etmeli borjuny bilsin!”
Diýip serdar buýruk berdi jikme-jik,
“Ýaramaýan häzir hatardan galsyn!”
“Hem atdan, hem pilden agdar duşmany,
Agdymy, şol bada çyksyn oň jany,
Eýe, orun, ugur – ol size bagly,
Ýeňiş düşüm, ýeňmek bize hökmany!”
“Şeýdip basyň söz toparnyň baryny,
Gözden salmaň olaň ýeke birini,
Aýratyn tabşyryk düşýändir size,
Düşüm goraýandyr öz serdaryny!”
Serdar biraz dymdy, soň dowam etdi,
Zaman goşulmalaň ýanyna ýetdi.
Buýruk berdi düzen tilsimi bilen,
Her hatara anyk-anyk aýytdy.
“Alyp bilersiňiz epeý oljany,
Size baglyrakdyr pilleriň jany,
“-ýar/-ýär,-jak/-jek,-ar/-er”, jem boluň, “-dy/-di”
Sizsiz neneň geçer duşman zamany?!”
“Zamandan öň “-ma/-me”, soňundanam “däl”,
Uruň, haýsy piliň niýeti betpäl.
Ýokluk üçin seçäýiň “gürpbasdyny”,
Beriň, paýyn alsyn ümlük garagol!”
“Derejeler derejäňiz has artsyn!
Naýzalarňyz duşman köküni kertsin!
Hiç bir zatlaryna bolmaň siz şärik,
“Aýaklarna görä ýorganyn örtsün!”
“Kem işlik”, “habarlyk” arany kesiň!
Sorag berilmesin, “-my/-miler” susuň!
Üýtgemäň, ýasalmaň, özüňiz saklaň,
Buýruk ýeke-täkdir: “Duşmany basyň!”
Sözün tamamlady Goşulma serdar,
“Kimiň düşünmeýän soraglary bar?!”
“Hemmesi düşünkli”…Azanyň sesi…
“Goşulma-da medet ber, sen, Biribar!”
Şeýle bir çaknyşyk, ýok asla bäsi,
Söz toparlarynyň boguldy sesi,
Kimi atdan agýar, kimi-de pilden,
Itde eýe, pişigiň ýok bikesi.
Göz açyp-ýumasy salymjyk boldy,
Duşman şol pursatda almytyn aldy,
Goşulma serdara geldiler toba,
Duşman öz çenini oňatja bildi.
Söz topary hemme zada kaýyldy,
Her kimiň hyzmaty aýyl-saýyldy,
Serdar diýdi: “Ýaraşyk baglaşylsyn!”
Dawa şeýdip soňky nokat goýuldy.
Diliň içki ýaraşygy bolupdyr,
Her kim ondan birje hyzmat alypdyr,
Agzalalyk dillere-de gelşenok,
Şol ümlük ýüzüni aşak salypdyr.
Goşulmasyz söze, aýdyň, ne hajat?!
Aramyzda bolmasyn asla gyjyt!
“Bu ýaraşyk hemişelik kabuldyr!”
Gol goýanlar oňa hemmeler üýşüp.