SPORT

Serhio Ramos 34 ýaşady

Ispaniýanyñ Sewilýa şäheriniñ Kamasa obasynda 1986-njy ýylyñ 30-njy martynda Ispaniýa milli ýygyndysynyñ goragçysy, dünýä belli goragçy Serhio Ramos doguldy. Milli ýygyndynyñ düzüminde Ramos 2010-njy ýylda Dünýä çempionyny we iki gezek 2008-2012-nji ýyllarda Ýewropa çempiony adyny gazandy. Ramos milli ýygyndyda ençeme oýunlary geçirip, öz ýoldaşlarynyñ arasynda rekordsmen hasaplanylýar. Öz futbol ýolunda Ramos iki toparda ýagny Sewilýa we Real Madrid toparlarynda çykyş etdi we çykyş etmegini dowam edýär. Ramos “Real Madrid” topary bilen 4 gezek Ispaniýa çempionatyny we 4 gezek UEFA-nyñ Çempionlar Ligasyny gazandy. Şeýle hem Ramos Ispaniýa kubogyny 2 gezek, ýurduñ Superkubogyny 4 gezek, UEFA-nyñ Superkubogyny 3 gezek, Dünýä klublarynyñ çempionatynda 4 gezek gazandy.

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy