SIZDEN GELENLER

1-nji Aprel – Guşlaryň Bütindünýä güni

Adamzat dünýä inenden bäri tebigat bilen sazlaşykda ýaşap gelipdir. Adamlar tebigatyň eçilen gymmatly baýlyklaryny, ýagny howany, suwy, topragy, ösümlik we haýwanat dünýäsinden peýdalanypdyrlar. Umuman aýdanymyzda, öňki döwürlerde adamlar bilen tebigatyň arasynda balans saklanyp gelinýär eken. Ýöne, soňky ösen tehnologiýalar döwründe bu balans düýpgöter bozulýar. Bu bolsa her bir tebigy baýlyklara, şol sanda biodürlülige, ýagny ösümlik we haýwanat dünýäsine öz täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde hem her bir aýratyn ösümligi ýa-da haýwany goramagyň bütindünýä güni ekologik senenamada öz ornuny tapýar. Şolaryň biri-de Guşlaryň Bütindünýä günidir (Internatioanal Bird Day). Ekologiýa baýramlarynyň içinde guşlar gününe has-da aýratyn ähmiýet berilýär. Geliň indi guşlar güni barada giňişleýin durup geçeliň.

Guşlary öwrenýän ylma ornitologiýa, guşlary öwrenijilere bolsa ornitologlar diýilýär. Ekolog alymlaryň hasabat bermegine görä, dünýäde guşlaryň takmynan 9000-e golaý görnüşi bardyr. Guşlar bulutlardan hem ýokarda uçmana ukyply bolýar. Gyşlamana gidenlerde käbir guşlaryň görnüşleri 8230 m belentlikde uçýanlary hasaba alnypdyr. Ýagny, howa ulagynyň uçýan belentligi bilen deň gelýär. Dünýäde iň kiçi guş kalibra guşy bolup, agramy 2 gr, uzynlygy 3 sm. Iň uly guş Afrika düýeguşy bolup, agramy 180 kg. Uçuş  tizligi boýunça iň çalt uçýan guş Laçyndyr. Ol 450  burça düşende Laçyn ony 350 km/sag geçýär. Suwda ýüzýän guşlaryň içinde suwa çümmekde iň güýçlüsi imperator pingwinleri hasaplanýar.

1906-njy ýylda guşlary goramak boýunça halkara konwensiýa kabul edilýär we Russiýada 1927-nji ýyldan bäri guşlar güni bellenilip geçilýär. Öňki wagtlarda Russiýada “Aýallar ligasy” bolup, onda aýyl-gyzlaryň modasy üçin köp guşlaryň ýelekleri peýdalanypdyrlar. Netijede köp guşlar, şol sanda peýdaly guşlar hem ýok edildi. 1910-njy ýylda guşlary goramak we özüne çekmek boýunça görkeziş stansiýalary Moskwa haýwanat bagynda we Sank-Peterburg oba hojalyk akademiýasynda guraldy. Ilkinji gezek 1924-nji ýylda Smolensk sebitiniň Ermola mekdebinde mugallym Mozurowyň ýolbaşçylygynda guşlar güni geçirildi. 1925-nji ýylda biolog K. A. Timirzaýew bilen zoolog Dergunow bilelikde özleriniň “Guşlary özüňe çekmek we goramak“ atly makalasyny neşir etdirdiler. 1927-nji ýyldan bäri Guşlar güni SSSR-de giňden bellenilip başlanýar. 1928-nji ýyldan bäri bu baýram SSSR-iň düzümindäki ýurtlarda bellenilýär. Şondan bäri bu baýramçylyk giňden ýaýrady we apreliň birinji ýekşenbesinden bäri Halkara guşlar hepdeligi bellenilip gelinýär.

Biziň ýurdumyz hem guşlary goramak boýunça alnyp barylýan işler  bellenmäne mynasypdyr. Ýurdumyzda guşlaryň 376-a golaý görnüşi bolup, olaryň 40 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.  Guşlary goramak maksady bilen ýörite 1932-nji ýylda Hazar döwlet tebigy goraghanasy (Ornitologiýa goraghanasy) döredildi. Goraghanadaky oňurgaly haýwanlardan iň köp sanlysy guşlardyr. Şu wagta çenli olaryň 21 otrýada degişli 293 görnüşi  anyklanyldy. Olar gagaralar, tersaýak şekilliler, küregaýaklylar, uzyninjikliler, gyzylgazlar, gazşekilliler, gündizki ýyrtyjylar, çulukşekilliler, towukşekilliler, gylguýruklylar, kepderiler, ikatýoklar, hüwüler, toklutaýlar, uzynganatlylar, serçeşekilliler we başgalar degişlidir. Guşlaryň hut şeýle köp bolmagy goraghananyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä deňziň aýlaglar ulgamy halkara ähmiýetli suwly-batgaly ýerler hökmünde Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna goşulandyr. Apreliň birinji hepdesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Guşlar güni”, dürli bäsleşikler geçirilýär. Umuman aýdanymyzda, bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda  hem bellenilip geçirilýär. Sözümiň ahyrynda, tebigy gözellikleriniň biri bolan guşlary goramaklyga çagyrýaryn we sizi Halkara Guşlar güni bilen çyn ýürekden gutlaýaryn. Gutlamak bilen size, durmuşyňyzyň sülgün ýaly owadan bolmagyny, ynsanlara garlawaç ýaly wepaly bolmagyňyzy, kynçylyklaryňyzyň kalibra ýaly kiçi bolmagyny, üstünlikleriňiz düýeguş ýaly uly bolmagyny, laçyn ýaly maksada okgunly bolmagyňyzy, maşgalaňyzyň ak kepderi ýaly asuda bolmagyny, guw ýaly söýgüňize wepaly bolmagyňyzy arzuw edýärin. Eger makala göwnüňize ýaran bolsa onda paýlaşmagy unutmaň! Çünki ekologiýany goramak biziň mukaddes borjumyza öwrülmelidir. Indiki ekologik baýramçylyklar barada taýýarlajak makalalarymy hem www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda okap bilersiňiz.

Diýar Yhtyýarow,

    Magtymguly adyndaky TDU-nyň

    geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy

     öwreniş hünäriniň III ýyl talyby.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti