BIZNES

6 ýurduň Premýer-ministri Hytaýdaky halkara sergä gatnaşar

6 ýurduň hökümet Baştutanlary Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilýän VII Hytaý halkara import sergisine gatnaşar. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Hytaýyň Premýeri Li Sýanyň çakylygy boýunça Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň, Slowakiýanyň we Özbegistanyň Premýer-ministrleri bu sergä gatnaşarlar.

7-nji gezek geçirilýän sergi 5-10-njy noýabr aralygynda geçiriler. Hytaýyň Söwda ministrliginiň maglumatyna görä, 150-den gowrak döwletden 2700 kompaniýa bu sergide öz önümlerini görkezer.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder