Tomusda howanyň adatdakylaryndan güýçli gyzmagy Fransiýada 500 ýyllyk düzgüniň bozulmagyna getirdi. Ýurtda 500 ýyldan soňra ilkinji gezek üzüm ýygymyna awgust aýynyň ortalarynda badalga berildi.
«The Independent» neşiriniň ýazmagyna görä, howa şertleri üzümleriň bir aý öňünden hasyla durmagyna getirdi. Ýurtda 1371nji ýyldan bäri üzüm ýygymy bilen bagly statistik maglumatlar ýöredilip gelinýär. Şol maglumatlarda iň soňky gezek 1556-njy ýyldaky ýygymyň 16-njy awgustda başlandygy görkezilýär. Galan ýyllarda bolsa, sentýabr başlaman, hasyl ýygymy hem başlamandyr.
Häzir hünärmenler ir ýetişen üzümleriň oba hojalygynyň haýryna ýa-da zeleline täsir etjekdigini öwrenýärler. Ýöne ir ýetişen hasylyň üzümden taýýarlanylýan önümleriň tagamyna täsirini ýetirendigini eýýäm aýdýarlar.
