TEHNOLOGIÝA

4 sany ýumurtgany biri-biriniň üstüne goýmak mümkinmi?

Hawa, mümkin. ony Ýemeniň ýaşaýjysy amala aşyrdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 4 ýumurtgany biri-biriniň üstüne goýup, piramida ýasamak üçin jikme-jik hasap etmek hem-de şeýle çylşyrymly zähmete ünsüňi jemlemek zerur bolup durýar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynyň habaryna görä, Ýemeniň raýaty Mohammed Mukbel geçen ýyl 3 sany ýumurtgany biri-biriniň üstüne goýup, rekordy goýmagy başarypdy. Bu gezek öz rekordyny 4 sany ýumurtga bilen täzeledi.

– Bu synagda her bir ýumurtganyň agyrlyk merkeziniň tapmak zerur bolup durýar – diýip, rekordçy belläp geçdi.

Şeýle hem ol çagalygyndan bäri dürli predmetleriň deňagramlylygyny saklamak bilen gyzyklanandygyny belläp geçdi. Mohammed Mukbel hemişe öz başarnygyny kämilleşdirmek üçin tagalla edipdir.

Ol bu gazanan üstünligi bilen hem çäklenmek islemeýär we geljekde ýene-de özüniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi göz öňünde tutýar.

 

Halk Maslahaty: 30 ýyllyk maksatnama kabul edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Dünýäniň iň “akylly” emeli intellekt modeli “Grok 3”

Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär