Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny hem-de olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geljek hepde 4-nji noýabrda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
