JEMGYÝET

4-nji noýabr  – ÝUNESKO-nyň döredilen güni

1945-nji ýylyň 1-16-njy noýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde 40 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda Bilim we medeniýet meseleleri baradaky guramany döretmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň maslahaty geçirildi. Fransiýa bilen Beýik Britaniýanyň teklibi boýunça wekiller hakyky parahatçylyk medeniýetini döretmäge bagyşlanan gurama döretmek barada karara geldiler. Meýilnama görä, täze gurama “adamzadyň intellektual we ahlak raýdaşlygyny” üpjün etmäge we şeýlelik bilen täze jahan urşunyň başlanmagynyň öňüni almaga çagyrylýar.

Maslahatyň jemleýji tapgyrynda 37 döwlet 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň döreýşini yglan edýän Hartiýa gol çekdi we bu resminama 1946-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli gatnaşyklarynyň berkidilmegine, Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.

2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Häzirki wagtda  Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. Şeýle hem häzirki wagtda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar.

Şol sanda bu günki günde ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler ýola goýuldy.

Türkmenistan 2017-2020-nji ýyllar üçin bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna saýlanandy. Türkmenistanda 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe we sporta jogapkär ministrleriň 7-nji halkara maslahatynyň (MINEPS VII) geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

 

 

Merjen Gurbannazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

 kafedrasynyň uly mugallymy.

 

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi