BILIM

3-nji ýanwarda Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň uniwersitetleri üçin resminamalary kabul edilip başlanar

3 — 10-njy ýanwarda Türkmenistanda 2024/2025-nji okuw ýy­ly üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň we Weng­ri­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi (ba­ka­lawr) mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça se­çip alyş işi­ ge­çir­ilýär.

Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iň­lis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­tetiniň sal­gy­sy:

Aş­ga­bat ş., Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­ly, 31.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary