SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

29-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  29-njy  martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallaryň sabyr-takady ýetmezligi gaty ähtimal. Eger kimdir biri bilen jedel etmeli ýa-da birine bir zat öwretmeli bolsaňyz, aňrybaş sypaýçylygy saklamagy unutmaň. Ýogsa ýagdaý has kynlaşyp, tutuş günüňize täsir edip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar özleriniň suhangöýlük zehinini peýdalanmaly bolmaklygy gaty ähtimal. Ykbal çözüji ýagdaýda bolmasa-da, ol size özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar. Şonuň üçin-de bu gün öz pikiriňizi aýtmakdan, köpçüligiň öňünde çykyş etmekden çekinmäň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar hüşgär bolmaly. Siziň edil ýanyňyzda bir zatlar bolup geçer. Häzir pursaty elden gidirmezlik möhümdir. Ýokary derejede ünsli bolsaňyz, üstünlik siziň hemraňyz bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlar haýsydyr bir zatdan ýüz öwürmeli bolar. Bu siziň ýaramaz endigiňiz ýa-da howply teklip bolup biler. Bir söz bilen aýdylanda, bu gün her bir zada, esasan hem özüňize tankydy göz bilen garaň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetler özlerine dynç almaga rugsat bermeli. Elbetde bu size gaty kyn düşüp biler. Çünki siz işlemegi gowy görýärsiňiz we rahatlanmagy başarmaýarsyňyz. Ýöne şonda-da synap görmeli. Ýogsam, emosional taýdan şikeslenme howpy abanýar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleler kimdir birini ýalňyş hereketden gorap biler. Umuman aýdanyňda, bu size sogapdan başga zat getirmez. Ýagşylyk etmekden lezzet alarsyňyz. Bu bolsa siziň günüňiziň şowly geçmegine ýardam berer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar üçin ajaýyp gün bolar. Özüňizi biraz köseseňiz we zähmet çekseňiz, bu gün bir topar açyş we üstünlik gazanyp bilersiňiz. Esasy zat dynuwsyz işlemek we her bir mümkinçilikden peýdalanmakdy

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar şu gün seresap bolmaly. Çünki tassyklanmadyk maglumatlara bil baglasaň, nädogry ýalňyşlyk goýberip bilersiňiz. Islendik zada razylaşmazdan ozal ähli detallaryny doly derejede öwrenmeklik maslahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar üçin bu gün öňden bäri gününe goýmaýan käbir kyn meseleleri çözmeklige ajaýyp gün bolar. Bu gün ýadawsyz zähmet çekseňiz zähmetde öndürijiligiňiz ýokary derejede bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün jediler özlerini aýamaly, esasanam özlerini kän gowy duýmaýan bolsalar. Güni aýak üstünde geçirmegiň zerurlygy ýok. Öňde entek köp meseleler bar – güýç tygşytlamak möhümdir.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlaryň bu gün iki oduň arasynda galmagy ähmtimal. Bu gün hiç hili karar bermezlik maslahat berilýär. Tä ýagdaý düzülýänçä garaşyň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün hutlar tygşytly bolmaga çalyşmaly. Bu maliýe ýa-da içki energiýaňyz babatdamy, belli däl. Her niçigem bolsa her bir zady goraglap saklaň we gerekmejek sowmaň. Saglygyňyza we iýmitiňize üns beriň. Az gepläp köp diňlemek bu günüň şygary bolup biler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama