Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 27-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Häzirki wagtda üstünlikli täjirçilik işiniň bolmagy gaty ähtimal. Uly täsir edip biljek we häzirki ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biljek gowy habar hem gelip biler. Bu gün köne meýilnamalar, amallar, aragatnaşyklar boýunça kesgitli karar bermeli. Ýöne şahsy durmuşda hyzmatdaşyň siziň pikiriňizi kabul etmek islemezligi bilen baglanyşykly meseleler aradan aýrylmaýar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Duýdansyz keýpiň üýtgemegi mümkin. Siziň islegiňiz, energiýaňyza – içerki dartgynlyga we daşarky işjeňlige öwrülip biler. Ybadathana baryp görmek, başgalara işjeň kömek etmek maslahat berilýär. Saglygyňyza we iýmitiňize üns beriň. Inisiatiwany hiç kime ynanman, diňe özüňiz hereket ediň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň başlangyjy gaharlanma we bölünmek duýgulary bilen baglanyşykly bolar. Günüň ikinji ýarymy siziň berkligiňizi, dogruçyllygyňyzy we ylalaşyk gazanmak ukybyňyzy synap görer. Ähli zatda özüňizi saklamaga synanyşyň, şonda bu gün ýakymsyz ýatlamalary galdyrmaz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Täze işlere başlamazdan ozal köne meýilnamalaryňyzy tamamlamaga synanyşyň. Bu gün söwda etmäge howlukmaly däl, sebäbi olar gaty şowsuz bolup biler we puluň biderek sarp edilendigi üçin uzak wagtlap ökünersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Oňyn prosesler haýallaşdyrylyp bilner. Maşgala gatnaşyklarynda düşünişmezlikleriň we dawalaryň bolmagy mümkin. Diplomatiýaňyz we ylalaşyk tapmak ukybyňyz sebäpli duşmanlaryň hilelerine garşy durup we ýakynlaryňyz bilen dawa-jenjellerden gaça durup bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Kazyýet işleri, amallar, nika baglaşmak we şertnamalar üçin amatly gün. Bu gün esasy zada ünsüňizi jemlemek, meýilnamalaryňyzy hakykata öwürmek aňsat bolar. Täzelenmek islegini zatlara seresap, paýhasly garaýyş bilen aňsatlaşdyryp bilersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Öý işleriňiz köp bolar, şonuň üçin olara irdenden başlamak maslahat berilýär. Günüňizi gysga gezelençlere ýa-da özüňiz öwrenmeklige bagyşlaň. Netijelere geçmäň. Ýyňyzy söýgi we üns bilen gurşasaňyz, öwezine has onyn duýgulary alarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Üýtgeşmäniň başlanýan güni. Iş ýerlerini üýtgetmek baradaky teklipler mümkin. Söwda işleri we töwekgelçilikli meýilnamalar hem üstünlikli bolup biler. Aýry-aýry döredijilik işlerinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Ýakyn adamlardan düşünmeklerini we goldawy taparsyňyz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Häzirki wagtda wakalaryň aýlawy sizi bütinleý ýuwudar. Jaýyňyzy, otagyňyzy abadanlaşdyryp, ony goramak bilen baglanyşykly meseleleri çözüp bilersiňiz. Maliýe amallarynda üstünlik gazanmagyňyz mümkin. Şeýle-de bolsa, uzak meýilnamalary kabul etmeli däl. Başgalara kömek etmekden ýüz öwürmeli däl.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün täze duşuşyklar, garaşylmadyk tanyşlar bilen tapawutlanyp bilner. Söýgüde we düşünişmekde geçirimli bolmak maslahat berilýär. Erkekler zenanlaryna – ejesine, ýan-ýoldaşyna, gyzyna, uýasyna has köp üns bermeli. Şeýle-de bolsa, agşamlyk biraz düşünişmezlikler we nägilelik bolup biler.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Özüňizi göwnüçökgün, içgysgynç we gaharly duýup bilersiňiz. Jedelleriň we dawa-jenjelleriň ähtimallygy ýokary. Ýaramaz häsiýetleriňize – gödeklige, özüňize aşa uly ynama, ikiýüzlülige we ýakynlaryňyza sowuk garamagyňyza üns bermeli we olary ýok etmäge synanyşmaly.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün asuda we parahat bolar. Meýilnamalaryňyz islenilişi ýaly ýerine ýetiriler. Ähli möhüm kararlar we täze işiň başlangyjy başga bir güne yza süýşürilmeli. Bu gün arkaýyn işlemek zerurdyr, netijede, öň düşünmedik soraglaryňyzda aýdyňlyk tapyp bilersiňiz.