MEDENIÝET

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda türkmen halkynyň görnüşli şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert agşamy guraldy.

Bu konsert agşamynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň  “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň talyplarynyň ýerine ýetiren milli hem-de nusgawy saz eserleri belentden ýaňlandy.

Bu konsert agşamynda Türkmenistanyň milli hem-de nusgawy sazlary bilen bir hatarda Germaniýanyň, Polşanyň, Awstriýanyň, Russiýanyň tanymal kompozitorlarynyň döreden eserleri ýerien ýetirildi.

Munuň özi döwürleriň şahyry bolan türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň bütindünýä adamzadyny parahatçylyga hem-de agzybirlikde ýaşamaga gönükdirilen pelsepewi pikirleriniň iş ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gahrymanly Arkadag Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli aýdym – sazlar merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlykdyr. Şonuň üçin halkymyzyň şöhratly taryhynda aýdym – sazyň aýratyn orny bardyr. Geçmişde bu mukaddes toprakda ýaňlanan aýdym – sazlaryň şirin owazlarynyň toýlaryň bezegine, göwünleriň syrdaşyna öwrüldi. Milli aýdym – saz sungaty barada söhbet edilende, saz çalyp, aýdym aýtmagyň türkmeniň hemişe ruhuny göterendigi, gadymdan gelýän aýdym – saz sungatynyň nesilden – nesile geçirilip gelinýän gytmmatlykdygyny düşünmek bolar.

Ine, şu nukdaýnazardan Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda geçirilen ajaýyp konsertde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. Oňa gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyplary hem-de aýdym-saz söýüjiler ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň mukamynda ajaýyp agşam geçirdiler.

Konsert maksatnamasynda talyplardan A. Ýazpoladowa S. Bahyň “Prelýudiýa we fuga”, N. Hojaýew B. Hudaýnazarowyň “Tokkata”, A. Samedowa F.Şopeniň “Ballada”, D. Babajanowa P.I. Çaýkowskiniň “Wremena goda” siklinden “Iýun”, şeýle hem A. Babajanýanyň “Elegiýa”, M. Welanow K. Çerniniň “Etýud” we T.Jumaýewa S. Bahyň “Prelýudiýa we fuga” saz eserlerini ýokary professional derejede ýerine ýetirmegi başardy. 

Talyplaryň ýerli hemde daşary ýurtly tanymal kompozitorlaryň meşhur saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde olaryň çeper ýolbaşçysy, ýokary okuw mekdebiniň  “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň goşandy uludyr.

Şu pursatda türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan aýdym-saz sungatyny kämil derejede ösdürmäge, öwrenmäge hem-de giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýazguly Babanyýazow, 

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň Orkestr saz gurallary fakultetiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy