SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

25-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                25-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallar  üçin ýakynlaryň goldawynyň ýetmezligi duýulmagy ahmal  olaryň hem öz iş-aladalary bolar. Şonuň üçin özüňizi ruhlandyrmak üçin içki güýjüňize daýanmagyňyz möhümdir. Güniň ikinji ýarymynda işde möhüm işlere girişmek maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün Sowurlara  irden turup işe girişmek maslahat berilýär güýjüňiz irden has netijeli bolar. Günortandan soň öý işleri sizi rahatlandyrar. Güniň ikinji ýarymynda öýe we özüňize degişli meseleler tertiplener, pikirleriňiz hem aýdyňlaşar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalar özlerini ir säherden agyr duýup bilerler. Şonuň üçin çylşyrymly işlere girişmezlik we başarýan işleri  bilen meşgullanmak maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek size gowy dynç almakda uly müňkinçilik döreder.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seratanlara bu gün öz içki dünýälerine çekilip, geljegi meýilleşdirmek peýdaly bolar. Emma günortandan soň ünsli we çalt hereket etmeli  wagtynda ýetişmezlik ýa-da möhüm mümkinçiligi soňa goýmak howpy bar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetlerde bu gün irden dynç almak  islegi döräp biler. Emma günortandan soň biraz işlemeli  bolarsyňyz. Resmi işler hasaplaşyklar üçin bu gün amatly gün.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleler üçin pikirlenip  hereket etmek wajyp, sebäbi ýalňyşmak mümkinçiligi bar. Ädimleriňizi oýlanyşykly meýilleşdiriň. Wajyp resminamalary agşam gol çekmek maslahat berilýär, ýöne ýazgylary hem üns bilen okaň  soraglar ýüze çykyp biler.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek üçin amatly gün. Işde täze hyzmatdaşlyk teklipleri peýda bolup biler. Karar bermegiňizi talap edýän meseleleri gijikdirmäň.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Duýgularyňyz güýçlenip biler — özüňize gözegçilik etmek möhümdir. Maliýe meselelerinde seresap boluň.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz  siziň ukyp-başarnygyňyzy görerler.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar üçin  bu gün daşyndan ownuk ýaly görünýän, ýöne içinde uly howp gizlenen  meseleler peýda bolup biler. Şonuň üçin seresap boluň. Günortandan soň bolsa täze tanyşlyklar garaşýar  käbirleri durmuşda möhüm orun alyp biler.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler bu gün çylşyrymly soraglaryna  jogap tapyp bilerler. Pikirleriňizi tertipläň, özüňize içgin serediň. Günortadan soň täzeden işlemek maslahat berilýär ýolbaşçylaryňyz siziň  döredijiligiňizi goldarlar.Emma şahsy gatnaşyklarda sözleriňize üns beriň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Täze mümkinçilikler peýda bolup biler. Täze zatlary  öwrenmek üçin ideal gün. Öňden meýilleşdirilen işleriňizi çykdayjyly etmän ýerine ýetiriň. Sebäbi ownuk meseleler  hem uly problema döredip  biler.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlar bu gün soraglaryna doly jogap almazlyk mümkin. Sabyr ediň  wagt geçdigiçe her zat öz ýerine düşer. Günortandan soň döredijilik bilen meşgullanyň  işde bu gowy netije berer, üstesine-de özüňiz hem lezzet alarsyňyz.

 

Ýene-de okaň

2025;Hepdelik täleýnama (22-nji-28-nji dekabr )

Ata Watan Eserleri

22-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

18-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

17-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama