BILIM

Türkmenistan bilen Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Tatarystanyň paýtagty Kazanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.A.Mezilow bilen Kazan Milli barlag tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Yu.M Kazakowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly G.A.Garaýew hem gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar bilim we ylym pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Rektorlar ýolbaşçylyk edýän ýokary bilim edaralary barada maglumat berdiler.

Türkmen tarapy biotehnologiýa, nanotehnologiýa, nanobiotehnologiýa, himiýa tehnologiýasy, nebit we gaz tehnologiýasy we ş.m. ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bar bolan gyzyklanmany beýan etdi.

Taraplar iki uniwersitetde, şeýle hem Aşgabat we Kazan şäherlerinde geçirilen dürli halkara ylmy we barlag çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Kazanyň ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlaryny şu ýylyň mart aýynda meýilleşdirilýän biotehnologiýa boýunça halkara maslahatda çykyş etmek üçin çagyrdy.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi barada pikri alşyp, ikitaraplaýyn ähtnama baglaşmagyň mümkinçiligine-de garadylar.

Kazan Milli barlag tehnologiýa uniwersitetinde 20 müňden gowrak talyp bilim alýar we olaryň 10 göterimini daşary ýurtly talyplar düzýär. Bu uniwersitetiň daşary ýurtly talyplarynyň arasynda türkmen talyplarynyň paýy 74% -dir diýip, Kazan şäherindäki ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy belledi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary