Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 24-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Durmuş mümkinçiligi gaty pes derejede. Irdenden düşünişmezlige we kynçylyklara garaşyň. Söýgi gatnaşyklary bilen baglanyşykly ýakymsyz habarlar ýa-da hünär işjeňligindäki şowsuzlyklar hem bolup biler. Garaşylmadyk çykdajylaryň ýa-da maliýe ýitgileriniň bolmagy mümkin.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sazlaşykly durmuş gurmak, gyzykly we peýdaly wagt geçirmek üçin gowy gün. Bu gün diňe öwrenişen, öňden bäri edip ýören işiňizi etmek has gowudyr. Işiňizde üstünlik garaşýar. Üstünligiň has uly bolmagy üçin täsirli howandarlaryň ýa-da hyzmatdaşlaryň goldawyny almaly.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Durmuş potensialy azalýar. Nätanyş adamlar ýa-da ýolbaşçylar bilen baglanyşykly uly mesleler bolup biler. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryň ýa-da dostlar bilen dawa-jenjeliň hasam erbetleşmegi mümkin. Islegleriňizi saklajak boluň. Alkogolly içgileri we et iýmitlerini ulanmak maslahat berilmeýär.
Ruhuňyzy arassalanmak, ahlak taýdan kämilleşmek üçin gowy gündür. Girdeji getirjek täze çeşmelerini işjeň gözlemeli, şol bir wagtyň özünde şübheli tekliplerden gaça durmaly. Gyzyklanma, göriplik, garaşylmadyk päsgelçilikler meýilnamalaryňyzyň ýerine ýetirilmegini gijikdirip biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün täze işe başlamak, uzak möhletleýin meýilnamalary düzmek, gündelik meseleleri çözmek üçin iň ýerliksiz gün. Akyldarlyk we paýhas, durmuşyň kyn meselelerini aňşyrmaga kömek eder, ýöne biderek töwekgelçilik etmeli däl. Bu gün bedene zyýan berip biljek ähli zatlardan, esasanam alkogolly içgilerden saklanmaga synanyşyň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün haýsydyr bir iş bilen meşgullananyňyzda seresap we ünsli bolmaly. Ýyldyzlar işjeň hereket etmekligi we başlan işiňize doly ynanmaklygy maslahat berýärler. Öý işleriniň ýa-da näsazlyklaryň bolmagy ähtimal.
Ýyldyzlaryň oňaýsyz ýerleşmegi, iň ýönekeý meseleleriň üstünde durmagyňyza päsgel berýän käbir pikirlere sebäp edip biler. Hünär işi bilen meşgullanmazlyga synanyşyň – kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy kynlaşdyrmak howpuny başdan geçirýärsiňiz, ýagdaýy düzetmek gaty kyn bolar. Ýakyn adamlaryňyza, çagalaryňyza, garyndaşlaryňyza aýratyn üns beriň.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Size ýamanlyk isleýän adamlaryň hileleri erbet netijelere, dawa hemjellere sebäp bolup biler. Garaşylmadyk çykdajylar maşgala býudjetine täsir eder. Bu gün size adatdakylardan has ünsli bolmaklyk maslahat berilýär.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Frazeologizmler/phrasal verbs ýa-da Durnukly söz düzümleri
https://makulsozluk.com/2021/04/30/cagalar-ucin-sozluk-indi-offline-hem-isleyar/