Şu gün Nýon şäherinde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi. Şoňa laýyklykda, toparçarlarda birinji we ikinji orun alan 16 toparyň gatnaşmagynda çekilen bijeleriň netijesinde, biri-biri bilen duşuşjak toparlar belli boldy.
1/8 finalyň duşuşyklary
«Porto» (Portugaliýa) – «Arsenal» (Angliýa)
«Napoli» (Italiýa) – «Barselona» (Ispaniýa)
«PSŽ» (Fransiýa) – «Real Sosýedad» (Ispaniýa)
«Inter» (Italiýa) – «Atletiko» (Ispaniýa)
«PSW» (Niderlandlar) – «Borussiýa Dortmund» (Germaniýa)
«Lasio» (Italiýa) – «Bawariýa» (Germaniýa)
«Kopengagen» (Daniýa) – «Mançester Siti» (Angliýa)
Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary 2024-nji ýylyň 13-14-nji fewralynda we 20-21-nji fewralynda geçiriler. Jogap duşuşyklary bolsa, 5-6-njy we 12-13-nji martda bolar.
