Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Adyň ýüreklerde aýdym “Arkadag”

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Adyň ýüreklerde aýdym “Arkadag”

 

Güneşiň asuda dogýan şäheri,

Şatlygyň-şowhunyň çogýan şäheri,

Bagtymyz daş ýaryp çüwýän şäheri,

Men seni bagt şähri saýdym “Arkadag”!

Adyň ýüreklerde aýdym “Arkadag”!

 

Päk niýetden, ak arzuwdan dörän sen,

Şeýle täsin, biçak gözel örän sen,

Hyýallara, pälimize görä sen,

Alnyňda ak ýollar aýdyň “Arkadag”!

Adyň ýüreklerde aýdym “Arkadag”!

 

Gyşyna täsindir gar ýagan çagy,

Baharda görk berer gyrawyň agy,

Tomsuna saýadyr dagyň dumany,

Güýzde täze dogan Aýsyň “Arkadag”!

Adyň ýüreklerde aýdym “Arkadag”!

 

Her bir günüň, her pursadyň toý munda,

Bagtly günler aýlanyp dur goýnuňda,

Şatlanýarys seýranyňda, seýliňde,

Görke-gözellige baýsyň “Arkadag”!

Adyň ýüreklerde aýdym “Arkadag”!

Süleýman Durdyýew.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy