GÜÝZ GOŞGUSY
Men giçki güýz hakda köp oýlanýaryn,
Şonda duýgularym bolýar elýetmez,
Şeýdip derrew gyş temasy başlanyp,
Goşgularym çykman galýar,gazetde.
Asman saraýyna barýan bulutlar,
Azaşýar ýer-gögüň merdiwanynda,
Gussa çümüp sary ýaprak aglaýar,
Güýzüň hasrat bürän ýel-dumanynda.
Şeýdip,kalba salýar sadaja gussa,
Hemem süýji,bir düşnüksiz ykbaly.
Güýz güni şeýlebir kalba ýakymly,
Meniň çap bolmadyk goşgulam ýaly.
Agaç sekiler.
Haýa diýen goýy syýa içimde
Ömürlik agyry,arman goýsa-da
Seni şol gün sekimiziň ýanynda
Otyrkam göremde çäksiz buýsandym.
Ýyllaň saçlaryňa çalan reňkini,
Hut güýz güni görkezende nesibe,
Edep bilen salam berip,çalaja,
Tanaýardyň kalby saňa ýesiri.
Agaç seki ýadyňdamy,güýz güni
Agamyň ýnyna gelen agşamyň.
Garaşyp gelerne uzak gijäni,
Geçiripdiň,aladaly agamyň.
Säher çykyp,öýden çekipdim içim,
Syňsyraklap güýzüň agyr çigregne.
Henizem agama garaşýandygňy
Aýdyp,utanypdyň şonda jiglerme.
Agam uzak saparlarny dynmasa,
Gelmjegni aýtsagam,sen gitmändiň.
Bir gijäni agaç sekide ötrüp,
Gaýtmak belki,nesibedir ykbaldyr.
Nä derdiň bardygny bilebilmedik,
Agam bilen kän derdinşip şonda sen…
Agaç sekileri gar bürese-de
Gaýdyp soňra hiç dolanyp gelmediň…
Görsene,ýyllary geçipdir ýollar,
Sataşmadyk,bir obadan bolsak-da.
Sen-ä okuwyňy gutardyň gitdiň,
Men bolsa,gam goýdum,şo gün gursakda.
Ýogsa sen nirede,men nirelerde
Ýat iller çekipdir nesibämizi.
Ýagşylygy baýdak edenem bolsak,
Güýz güni şol waka gaýdyp gelýärin.
Görýän indi wagt saldy talaň ýar,
Bagt atly bir bölejik parça-da.
Indi öňki ýaly derdimi sözläp,
Azar bermen gapydaky arça-da.
Görsene, güýz örküjine ýetildi,
Indi gyşa kän bolsady ekiler.
Agşamyň çygyna bürener indi,
Işikdäki şo-ol gadymky sekiler.
Hem saňa garaşyp,wagtym elenmez,
Gursak mynjyramaz,aýalarymda.
Gije sekiň üstün torç eden gussa,
Ýiter agşamlaryň saýalarynda.
Gözümden uçanna telim ýyl boldy,
Göwrämdäki bagt atly açaryň.
Indi güýzem üzüm sekiň üstünde
Ýazdy ýapraklardan sary saçagyn.
Gel-gel,indi şeýdip undaýmalymy,
Ýadyrgadyp ýatlamalaň ýaňagny.
Durna başga ýerden geçäýmelimi,
Bize goýup,undup bolmaz armany.
Gara gyş gelmänkä,aglap müzzeren
Baglar dökmez miwesini ekine.
Indi agşam çygdan düşek ýazar-da
Üstünde oturtmaz agaç sekiler.
Gussa täzelenmez,güýzüň gamyndan,
Belki kyssalarym täzelenerler.
Indi biýaralaň içinde ýatan
Gawunlar oňatça “käselendiler”.
Güýzde kyn-a,gam-gussadan daşlaşmak,
Güýzde ýetimleşýär öňem ýekeler.
Daşarda oturmak arzuwdan kesýär,
Çygdan “düşeklenen” agaç sekiler.
Güýz görnüşi biziň ilde…
Aý depderin köl üstüne
Taşlap goşgy ýazyp ýatyr.
Tylla ýally bedew ýaly,
Gamyşlaram“gazykda“dur.
Ýaplaň sary “ gaýmagyna”,
Tylla aýdan “tor” düşüpdir.
Kiçijik kümüş balyklar,
Sowuk suwa öwrenşipdir.
Mermerdenmi ýyldyzlaryň,
Sowuk teni,nurly teni.
Ümür çöken çola kenar,
Yşga itekleýär meni.
Kamys güller gadym kölüň,
Hol çetinde, “dulunda” dur.
Yaşyl kereplikler içre,
Dökülip dur aýdan ak nur.
Durnalaryň “dyrnagyndan”
Hat gaçyp,gagşaýar agşam.
Güýzüň solgun merdiwany
Gögüň reňkinden dyrmyşar.
Aý solar,durna daglanar,
Ýar gitse,sessiz aglanar,
Biziň illeriň güýzünde
Gyzlar dümede “baglanar”.
Dabarasy dagdan aşar,
Wepasy yşga garyşar,
Güýzüň merdiwanyn silkip,
Durnalar gökde ýaryşar.
Biz sataşdyk
Biz sataşdyk,
Ýagyş ýagyp başlady,
Gaýalar ýuwuldy, güller görklendi.
Biz sataşdyk, leýlisaçlaň telleri,
Akyp ýatan dag suwuna örklendi.
Biz sataşdyk,
Derelerde käkilik
Has dury saýrady, has köp saýrady.
Biz sataşdyk, bu owadan pursata,
Günem biraz doňup galdy gaýrada.
Biz söygiň gujagyna gaýyp düşäýen,
Ýakyp barýan bir alawdyk, ataşdyk.
Bahar ýeli gülälegi guçanda,
Biz olary gaýtaladyk, sataşdyk.
Biz sataşdyk,
Dünýäň sallançagynda,
O sallançak öran batly üwreldi.
Bir mahalky öykelän päk duýgymyz,
Täzeden dem alyp,
Ýene direldi.
Kuýaş bilen dag gerşiniň ýylmanak,
Yüzündäki surat ýaly gatyşdyk.
Biz gijeler bir-bireksiz ah çekip,
Şonuň üçin bu säherde sataşdyk.
Biz sataşdyk,
Ýodalaram birleşdi,
Baýyrlaram goşalandy monjuk deý.
Dünýa, näme üçin aşyk sataşsa,
Önküdenem kejeňek sen, dänjik sen?!
Biz sataşdyk,
Çünki, biz bir ataşdyk,
Çabrap, çawlap, ýer yüzünde tutaşdyk,
Hernä duýgularymyz ýalan däl eken,
Şon üçinem sataşdyk biz,sataşdyk!
Güyz
Bu nenen sarylyk, nähili matal,
Ýaprak nirden tapdy, gopup gaçmany.
Bulutlaň astynda çaýkanyp ýatan
Baglar edil çirkizilen hat yaly.
Söydüm seni sary deňzin damjasy,
Sende däli yazyň porhanlygy ýok,
Saňa içim dökjek diýen gursagym,
İndi seret, pyşyrdap hem bilenok.
Sust ümsümlik paýlap ýaganda ýagyş,
Çyg çekipdir güýzün altyn ýallary.
Ah, kükregi ýanyp duran nätanyş,
Gujaklap çykypdyr, ýaşyl baglary.
OBA ETÝUDY
Daň düýbi çyzyldy, ümsümlik oba,
Guşlar gum- guklugyň hyýalna mündi.
Hem tamlaň ýanynda säginip ulag,
Ota- da gidenok aýallar indi.
Asmanyň ýüzünden süýrelýän misli,
Içi ak pagtaly halta- bulutlar.
Öý bikeleri deý taýýar zat iýip,
Indi pişiklerem ýalta bolupdyr.
Mal ýataklardan hem bir ses çykanok,
Gazyk çalşyp, zowzalardyk geçä biz.
Häzir ümsümligiň mukamy akýar:
Asudaja, köp gatnawly köçämiz.
Sygyrlar örä – de gidenok indi,
Şowhunly daňdanlar ötäýen ýaly.
Peçlerden tüsseler çykanok indi,
Adamlar hut göçüp gidäýen ýaly.
Ýygym günlerinde iş has köp bolýar,
Belki olar gidendirler atyza.
Häzir asman- zemin arasyn ölçäp,
Derekler çyzgyç deý, durlar hatara.
Şemal yralanok ýaşyl baglary,
Şol müň ýylky oba, pelek gadymy.
Men bagra basýan- da ümsümlik bilen,
Açýan kildi gulplanmadyk gapyny…
“… Hany meniň barlygymyň gözbaşy,
Daňdan ot satmaga ugraýan käbäm?
Ýa şoň ýoklugyna gyýylyp senem,
Sessizje otyrmyň mähriban obam?”
“Geldiňmi?” diýýärmiň şahyr gyzyňa?
Sen näme üçin dymýaň, bir sözle ahyr.
Ýa geçen günleriň çöküp dyzyna,
Küýseýäni üçin müýnlimi şahyr?
Hiç tapmadym jogap, köne tanşym dek,
Imrindim obadan çykýan atyra.
Göýä ýaşlymyň ölçegi bolup,
Derekler çyzgyç deý durlar hatara…
Watan
Watan—on iki syna, on iki aýdymym,
Ejem, kakam, doganlarym ekeni.
Watan—ýüregime çeken nagyşlam,
Ylhamdan gaýnaýar,onuň kökeni.
Watan—ata-babam ruhy ýerleşen,
Gojaman obam hem atyzly peller.
Watan-asyl ýüregimde ýerleşen,
Meni bir görmäge zar bolan enem.
Watan—aradaky uzyn menziller,
Meň ýoluma bakyp garran ejem jan.
Watan—hökman,hökman garaşjagymdyr,
“Göbek ganyň mende”diýip,gelinçäm.
EJEME
Ýukajyk geýimde, galyp pederden,
Aňzagyň bahara ýazan günleri.
Daňdan turup, gök satmaga giderdiň,
Ýumruk ýaljak bolup, bazar günleri.
Joýa –joýa elleň titrär durardy,
Halta gök otlary dykyp gideňde.
“Kakam bolsa, beýle bolmazdy”- diýip,
Her gezek aglardym, çykyp gideňde.
Her daňdan üşämde ýadyma düşýär,
Gysmyljyrap, çoýunýaryn pejiňe.
Hem: “Oglum üşäýse näderkäm?”-diýip,
Meňzäp barýan “halta ýükli” ejeme.
Şindi- şindem gidip barşyň ýadymda,
Ýatlamalar hakydama sürünýär:
Aşagynda gök dykylan haltanyň,
Ýumruk ýaljak bolup, çala görünýän…
“Sen üşänsiň” diýip, ýygryp göwrämi,
Çoýunýaryn gor ýaljak, şo- ol pejiňe.
“Oglum üşäýmesin…” üstün basyryp,
Meňzäp barýan, “halta ýükli”ejeme.
“Gitme!”- diýip, elleriňe ýapyşsam,
Diýerdiň : “O:t bar ahyry aňyrda”
O:t indi ýaşaýan ýerin çalyşyp,
Şol ýanyp dur aglamjyrap, bagyrda.
Sen gidýäň, biz bolsa, galýas yzyňda,
Gysmyljyrap, ýakyp giden pejiňe…
Her säher özümem işe gidemde,
Meňzäp barýan “halta ýükli” ejeme.
Gorky
Öňler “bahar gelmez” öýdüp gorkardym,
Gorkardym: “guzular mälemez” öýdüp,
Öňler “ejem gülmez” öýdüp gorkardym,
“Dymar” öýdüp…
Meniň ejem nalamaz…
Öňler aýdymlarym güller hakdady,
Saçymda ak goýan ýyllar hakdady,
Ýöne…
Paşmadyk söýgüme taňry ýalkasyn,
Ol maňa öwretdi köňül bermegi,
Ynsana däl, hut galama erk edip,
Öňler “yşgym halkasyndan azaşyp,
Basym halat geler”- öýdüp,gorkardym.
Aslynda biriniň ýerine geldim,
Uçma giden guşum nirde, gör hatar?
Öňler nije aýralykdan sowruldym,
Meger ýürek şol sebäpli gorp atar,
Öňler jigilerim hem kiçijikgedi,
On sekiz ýaş, oglanlara jort atar…
Ejemiň mellegi dünýäň kartasy,
Iň ullakan ylym- bir şol kartadyr.
Öňler “yşga degmek bolmaýar” –diýip,
Uzaklardan el uzadyp, gorkardym…
Gorkardym : “oň nury gaçmasyn” diýip…
Yşgy dile getirmäge gorkardym,
“Ýazan şygyrlarmy görerler” diýip,
Mekdebe-de götermäge gorkardym…
Gorky ýürekleri mukaddesleşdirer,
-yşgy ýitirmezlik, gorkynyň işi.
Okardym gysymma gysyp dogasyn,
Ýat tutardym olaň her bentlerini…
Gorkardym: “Ejemsiz ýaşap bormy heý?”
Gorksaň hem ejeler gidäýýär eken:
Uzaltmaklyk üçin perzentleň ýaşyn…
Sen maňa gül iýberipsiň…
Sen maňa gül iýberipsiň…
O gül kökün urar maňa,
Sen maňa gül iýberipsiň,
O gül ýaly oralmaga, saralmaga,
Gurşamaga…
Gözýaşlarmy seň ýüzüňe çaga ýaly çyrşamaga,
Sen maňa gül iýberipsiň…
Ganatly gül, reňki dürli…
Sen maňa gül iýberipsiň-
Bildirip dur meňkidigi…
Sen maňa gül iýberipsiň,
Köki gökde, daly – damar,
Hut eziz ol- haly- habar.
Barmaklarmyň arasynda akyp ýatan ýüpek ýaly,
Säher kölüň üstün basan dumandan bir gapak ýaly,
Sen maňa gül iýberipsiň – gyzyllary şapak ýaly.
Sen maňa gül iýberipsiň – reňkinden doýup bolmaýar,
Gapdalda goýup bolmaýar…
Käsämdäki çaýyň reňki – ýaňaklarynda oýnaýar…
Obamyň läle- reýhanyn ýatladyp, gül iýberipsiň!
Sowuk ülkede meýhanaň gijelerine güýmenip-
Sen maňa gül iýberipsiň…
Sen maňa gül iýberipsiň:
Iýberäýmänsiň- aýralyk…
Görsemem, setan – seýranda,
Derwüş kädiň keşdeleri –
Bar meniň hem çal öýmämde…
Ah, şalyma şemal çolan derdiň bilen öwrülipsiň-
Düýşümdemi, huşumdamy – sen maňa gül iýberipsiň…
Gijäniň seçeklerine basan halym- belki- de -ol,
Ýüregiňi diňe maňa- açan halyň belki – de ol?!
Ýa belki gowakda galan gussalaryň – teňlenipsiň…
Ýa ölümden eýmenipsiň-
Sen maňa gül iýberipsiň?!
Aldym!..
Ukyň arasynda,çatrygynda, çäresinde,
Janyň jan bolýan çagtynda,
Aňyň ä:m bolýan çagtynda…
Reňkin dökýän älemgoşar – sähel wagt küýlenipsiň!
Ýyllardyr garaşyp ýördüm –
Sen maňa gül iýberipsiň!
Düýşümde meň kakam barmyş…
Indi ýetim dälmişim…
Dälmişim hem egni gysyk,
Aýakgaby deşigem…
Şähdi açykmyşym ylla,
Iýjegimem känmişin,
Indi alada dälmişin gyşda galyň eşigem…
Düýşümde meň kakam barmyş,
Ýokmuşyn oň serhedi.
Kakasyzlyk asla beýle
Serhetsiz öýtmänmişim…
Düýşümde meň kakam barmyş,
Şuja ýyllar eýse kim
Maňa “kakasyzlygyň” ýüküni
Göýäki bir aýtmanmyş…
Düýşümde meň kakam barmyş,
Saralýarmyş köküme.
“ Meň gyzyma degmäň , asla”
Diýip bilýän, janserek.
Düýşümde meň kakam barmyş,
Iýdirmeýän hakymy:
“Saňa gyzym indi besdir,
Ýetimlik nämä gerek”
Düýşümde meň kakam barmyş,
Indi arkaýynmyşym hem,
Göwnüm berrak, şygrym deňiz,
Galamym hem ýelkenmiş.
Düýşümde meň kakam barmyş,
Gamlar serpilenmişin,
Hak ýolunda şeksiz duran,
Ýeke- täk galkanmyşyn.
Düýşümde meň kakam barmyş,
Öz- ä täsin düýşmişin,
Düýşümde meň kakam barmyş,
Başga zatlar hiçmişin.
Başgaça mümkin däl eje!
Başgaça mümkin däl eje! Söýmän ekenimmiş bar şol…
Sen meni ýene “Günäsiz balamsyň” diýip garşy al!
Sen eje ahbetin, bilýäň: Gyzyň demi gelmez sensiz.
Kakam meni geçmişdäki suratyna daňyp gitdi,
Ýogsam onsuz, ýogsam onsuz…
Oglanlygym doňup gitdi…
Başgaça mümkin däl eje, “Jiglermiň boýny egilmän,
Dursun” diýdim, kerkaw ýaly…
Gezdim ýördüm, gezdim ýördüm, sag dünýede
syrkaw ýaly…
Damarlam ýogsa taýakdy,güldüm şol, ýansa- da içim,
Sensiz galmak ýeňil iş däl, başgaça mümkin däl eje…
Kesgitlenen ädimlerim, nusga boldy ula- kiçä,
Mümkin däldi undulmagym, Başgaça mümkin däl eje!
Ýokdy göwnümiň awlagy,ýel bilen ylgap geçdim men…
Mejnunyň hyrkasyn basyp, Leýlini üwräp geçdim men…
Duýgulam dartdy- la ýüjä…
Saýhallandym soň kem- kemden…
Başgaça mümkin däl eje, sensiz dünýede kemsinmek…
Jiglermiň elinden tutup, ýörjen etdim, ýörjen etdim.
Özüm lokmamy iýdirip, üst- başlaryn gurjak etdim.
El uzadan zatlaryny alyp berjek boldum mydam,
Başgaça mümkin däl eje,
“Wi ýa- da şol mümkinmikän?”
“Eje, eje,eje, eje, daşymdan aýdasym geldi,
Kemsidildim,kem görüldim,öýüňe gaýdasym geldi…
Emma gözýaşlarym bilen görünmedim ile hijem,
Çaga deý göz- gaşlam bilen, diňledim aglan göremde,
Öýe barýan bolsam gijem…
Başgaça mümkin däl eje, başgaça mümkin däl, eje!
Golça küýzäň içine gygyrdym:
Heý, kim sen?
Nirede? Sesiň-ä tanyş…
Güwläp durmuň dawasynda çyn halyň?
Iniň gujak,boýuň ajap- bäş garyş,
Gizläp diwarlarda düýnüň pynhanyn…
Heý, kim sen?
Hiňlenýär bedeniň bir heň,
Gana eýlenipmi toýun- palçygyň?
Şypaň çille,lezzetiňde bar melhem,
Kokuň basýar hoşroý ysyn dalçynyň…
Heý, kim sen? Sesimden ýaň sary barýan,
Kertilen diwarlaň köwläp bedenin?
Şam bilen sepleşip, daň sary barýan,
Jogaba ereýär ýumşak bedenim…
Heý, kim sen? Owazy arşa ilişen,
Nämeden ýasalan, syrly jisimiň?
“Golça küýze” bolsaňam sen il üçin,
Meň üçin “Ynsan” seň asly isimiň…
Çölde diwanalaň ýagyrny- dalyn,
Heň çalyp, hekgerden,ýaň beren gülşen…
Heý,kim sen?
Heý, kim sen?
Keşgiň sesimi?
Ýa başga dünýäden sowal, ilişen?
Ugrunda ylgadyp,kyrk är,kyrk çilten,
Bogazyň tumakly, lebleriň bal suw,
Ýedi derýaň derdin göteren hem sen…
Heý, heý,heý, Hem sen!
Kim Sen?
Ýönekeý ýodajyk
Belki- de beýlebir gözel hem däldir,
Meni munça oda salary ýaly…
Ýöne ömrüň sahaplarna dolaýar,
Zordan ýaza çykan balary ýaly:
Ýaprak ýatyr…
Güýzem geçdi…
Gyş geldi edil aýralygyň hazany ýaly…
Belki – de Mejnunyň öňünden çykar,
Ol dyzyna çöküp, alary ýaly…
Derekler çyzgyç deý durlar hatara,
Käte – de ussadyň galamy ýaly…
Birden – birden soňsuzlykdan ses gelýär,
Ylham perişdäniň habary ýaly…
Käte bir öwüsýär çapgyn,sowuk ýel,
Atanyň ogula gazaby ýaly…
Belki – de diýýändir: Git- de duýup gel,
Enäniň perzende azaby ýaly…
Belki – de beýle – de däldir bu ýoda,
Ussat şahyrlaryň ýazany ýaly…
Ýönekeýje bolsa bolubersin ol,
Ejemiň gamlyja gazaly ýaly…
Dylym – dylym edýär gökde bulutlar,
Şu ýodany tapyp ýazanym bäri…
Belki ýene geçer bu ýerden biri:
Meň şahyr ýüregmiň nazary ýaly…
Oturgyç
Mawy owurt bolup çaýkanýar deňiz,
Şeýle günler kenar köpük getirgiç…
Häsiýetine tanyş ene mysaly,
“Deňiz oglun” synlap otyr, Oturgyç.
Bulutlaryň çekgesinden çümmükläp,
Çarlaklar baharda oýun edergiç.
Ýelken dulugynda şemaly saklap…
Belki üşär öýdýändir- dä Oturgyç.
Hol daşda…
Bökjekläp, çilik oýnaýan
Çagalaň şowhuny göwni götergiç.
Aşyk- magşuklaryň syryn gizleýän,
Nätanyş deý syrly sandyk- Oturgyç…
Hon- ha gün asmandan sallanyp,
Misli
Diwara kakylan eşik ötürgiç.
Guwlar günüň öňündäki sahnadan
Uçup gelýär…
Tomaşaçy- Oturgyç.
Gyşyň ak şalyny üstüne atyp,
Kuýaşa garaşyp, geçdi öten gyş.
Belki- de bir ýalňyz bilen syrdaş ýa…
Oňa dynçlyk berendir şo-ol oturgyç.
Balykçy goja oň her gün höwri hem,
Ol hem daňyn çirim etmän atargyç…
Sanamaýan, geçýän, gelýän döwri hem,
Mamamyň öýi deý eziz…
Oturgyç…
Häzir garry öýde bolsadym biraz…
Häzir garry öýde bolsadym biraz,
Körpäň “ejesidir” öýdüşin geňläp:
Sallançagyň jygyldaýan enjamnyň,
Ejem barka aýdan “aýdymyn” diňläp…
Kyrk çille içinde “hykyrdap” ýatan,
Körpäň “nirelerden gaýdyşyn”diňläp…
Üçekleň üstüne daman damjalaň,
Ol hakda syrly heň “aýdyşyn” diňläp…
Köne “jygyldydan” alyp lezzeti,
Çaýyň käsä bakan gaýdyşyn diňläp…
Enem…
Ejem…
Kakam…
Doganjyklarym…
Maňa “uly şahyr” öýdüşin geňläp…
Mellekgyra “azatlyga” çykarlan,
Ördekleň suwoty tüýdüşin diňläp…
Tamdyrtow taýýarlan gelinejemiň,
Gyňajyn oklaw deý öýdüşin geňläp…
Joýalaň içinde sary jüýjeleň,
Goňşa “öz mellegmiz öýdüşin”- diňläp…
Başlangyç synpdaky jigimiň öýe,
Bagjygyny süýräp, gaýdyşyn geňläp…
Wah, häzir bolaýsaň, garry öýmüzde,
Garpyzlaň toşaba “geçişin” geňläp…
Ot maşynnyň mekge palajyn küle,
Mäjuma öwürip seçişin diňläp…
Wah häzir bolaýsaň,garry öýmüzde:
Ejem ak kökeden tutup ýüküni,
Gyzyl alma bilen getirerdi kän,
Satyp,mellekdäki gökje ekini…
Wah, häzir bolaýsaň, garry öýmüzde,
Geçiräýseň, şu zatlary ýazga bir.
Ah, indi zol- zol öýmüze gitmäge,
Ýarabam duramzok, indi garr- a biz…
Ah häzir aý gaçsa üçek tagtyna,
Gupbaly öýmüzem ulygyz ýaly.
Dünýäde bir nokat baryn agtyga,
Aýdyp bermek üçin taýýarlanýaryn…
“Ahh, häzir bolaýsa garry öýümiz…”
- diýip, agtygym hem ýazaýar ýaly.
Has süýji hallary düşündirýärin:
Ol hem bir gün garrap, hut biziň ýaly…
Iň süýji nokady saýsa dünýäniň,
Alyp gelse, käte goş- golamyny,
Diýäýse:
“ Bolaýsa, garry öýümiz,
Wahh,häzir enemiň ýanyna çöküp,
Diňläpjik bolaýsa goşgularyny…”
Ejem gelip…
Üçekleň aýdymyn diňläp ýatyryn,
Ejem tamdyrtowdan geläýjek ýaly…
Şalpy- şaram üsti başy, gyňajy,
Häzir hut özi hem eräýjek ýaly…
Mal ýataga ýagşyň geçýänin aýdyp,
Zeýrenjegem bolmazdy ol, öýde kän…
Käte bir doganma igenerdi hem:
Diýerdi: “ Bejeräýmel- ä ahyr öýdekäň…”
Häzirem ýagyp dur, şol köne ýagyş,
Getirip gussany öz ýoly bilen…
Wagtyň damaryna çekip ol nagyş,
Dur meniň aňymda gozganybilmän…
Näme üçindir adam küýseýär käte,
Geçilen ýollaryň süýji gussasyn.
Kim bejerer köňlüň ajy derdini,
Kim synyk ýamalaň ezber ussasy?
Sowalymy kime berjegim bilmän,
Gaýta- gaýta wagta ýüzlenip mäkäm
Men ýagyşyň üçekdäki sesinden,
Diňleýärin “aýak basyşyn” Notaň!
Ezilýär köňülem ýagyşly günde,
Oň sesin diňleýän goýup işimi.
Her ýagyş ýaganda baş atgyjy öl,
Ejem gelip, açjak ýaly işigi…
Golça küýzäň içine gygyrdym:
Heý, kim sen?
Nirede? Sesiň-ä tanyş…
Güwläp durmuň dawasynda çyn halyň?
Iniň gujak,boýuň ajap- bäş garyş,
Gizläp diwarlarda düýnüň pynhanyn…
Heý, kim sen?
Hiňlenýär bedeniň bir heň,
Gana eýlenipmi toýun- palçygyň?
Şypaň çille,lezzetiňde bar melhem,
Kokuň basýar hoşroý ysyn dalçynyň…
Heý, kim sen? Sesimden ýaň sary barýan,
Kertilen diwarlaň köwläp bedenin?
Şam bilen sepleşip, daň sary barýan,
Jogaba ereýär ýumşak bedenim…
Heý, kim sen? Owazy arşa ilişen,
Nämeden ýasalan, syrly jisimiň?
“Golça küýze” bolsaňam sen il üçin,
Meň üçin “Ynsan” seň asly isimiň…
Çölde diwanalaň ýagyrny- dalyn,
Heň çalyp, hekgerden,ýaň beren gülşen…
Heý,kim sen?
Heý, kim sen?
Keşgiň sesimi?
Ýa başga dünýäden sowal, ilişen?
Ugrunda ylgadyp,kyrk är,kyrk çilten,
Bogazyň tumakly, lebleriň bal suw,
Ýedi derýaň derdin göteren hem sen…
Heý, heý,heý, Hem sen!
Kim Sen?
OGULJENNET BÄŞIMOWA