SPORT

21 ýyldan soňra Messi bilen Ronaldo sanawda ýok

“France Football” neşiri tarapyndan her ýyl ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn pökgi” baýragyny almak ugrunda 30 dalaşgär yglan edildi. 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bu deskapky sanawda bu baýragy 8 gezek gazanan Lionel Messiniň hem-de 5 gezek gazanan Kristiano Ronaldonyň atlary ýok.

Abraýly baýragy almak ugrundaky sanawyň dalaşgärleri žurnalyň resmi saýtynda yglan edildi. “Altyn pökgi” baýragy 2023/24-nji ýylyň möwsüminiň iň gowy futbolçysyna gowşurylar.

“Ballon d’Or” baýragy hökmünde hem tanalýan “Altyn pökgi” baýragynyň dalaşgärleriniň hatarynda Jud Bellingem, Kilian Mbappe, Winisius Žunior, Toni Kross, Antonio Rýudiger, Federiko Walwerde, Daniel Karwahal, Ruben Diaş, Erlin Holand, Filip Foden, Emiliano Martines, Niko Uilýams, Granit Jaka, Florian Wirts, Aleks Grimaldo, Artem Dowbik, Mats Hummels, Dani Olmo, Lamin Ýamal, Harri Keýn, Witinýa, Koul Palmer, Bukaýo Saka, Martin Edegor, Wilýan Saliba, Deklan Raýs, Hakan Çalhanogly, Lautaro Martines, Ademola Lukman ýaly futbolçylar bar.

Ýene-de okaň

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy