SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2025;Hepdelik täleýnama (24-nji-30-njy noýabr )

Hamal (guzy 21.03 – 20.04) 

Hepdäniň başynda Hamallar erbet endiklerden aýgytly dynmak üçin oňat mümkinçilik alar. Hepdäniň ortalarynda uzak syýahatlardan we tanyşlardan saklanyň: siz aldanyp ýa-da ýalňyş hereket edip bilersiňiz. Hepdäniň ahyrynda ýeke galmajak boluň we mümkin boldugyça islendik stresden gaça duruň, saglygyňyza üns beriň.Şeýle hem bu hepde maşgala içindäki gatnaşyklara üns bermek, düşünişmedik meseleleri aç-açan we rahatlykda ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly döwürdir. 

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar üçin bu hepde maşgala gatnaşyklary üçin örän amatlydyr. Aradaky söýgi duýgularyňyz güýçlenip biler. Ýanýoldaşyňyz bilen öýden daşarda wagt geçirmek, myhmançylyga gitmek ýa-da dostlaryň arasynda bolmak gatnaşyklaryňyzy täzelemekde peýdaly bolar. Bu hepde täze tanyşlyklaryň döräp biljek döwürdir. Şeýle hem okuw işlerinde üstünlik gazanmaga mümkinçilik bolar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalar bu hepde işde we karýerada uly üstünlik gazanyp biler. Siziň tejribeliligiňiz has-da tanadar. Başga adamlaryň size bolan hormaty artar.Işiňizde başlyklaryň goldawyna we hyzmatdaşlaryň ýardamyna bil baglap bilersiňiz. Işiňizde ähli zat ýeňil we netijeli gider. Hepdäniň ahyry tertip-düzgün we rahatlyk döretmek üçin amatlydyr.Saglyga üns bermek, sport çäreleri bilen meşgullanmak peýdaly bolar.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlara bu hepde döredijilik işlerine köp wagt aýyrmak maslahat berilýär.Hünär derejäňizi ýokarlandyrmak we maliýe ýagdaýyňyzy berkitmek üçin siziň öňüňizde giň mümkinçilikler açylar. Işjeň boluň we şu ýagdaýda üstünlik gazanarsyňyz. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklar gowulaşar.Etnografik maglumatlara gyzyklanma artyp biler. Hepdäniň ahyry syýah üçin amatly döwürdir.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetler üçin bu hepde maşgala meseleleri, öýde rahatlyk döretmek üçin amatlydyr. Maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşygy güýçlendirmek, maddy meseleleriňizi çözmek mümkin. Hepdäniň ortalarynda geň galdyryjy açyşlar täze tanyşlar, ajaýyp adamlar bilen duşuşyklar we garaşylmadyk wakalar size şowlulyk getirer.Ruhy tejribe size  içki durnuklylygy berkitmäge kömek eder.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleler bu hepde üýtgeşik psihologik duýgurlyk bilen tapawutlanarlar. Daş-töweregiňizdäkileri gowy diňläp dogry goldaw alyp bilersiňiz. Pikirdeş dostlar bilen gatnaşyklar güýçlenip biler. Ýakyn gatnaşyklarda ýüze çykan düşünişmezlikleri rahatlyga we sabyrlylyga esaslanyp çözmek maslahat berilýär.Şeýle hem bu hepde intuisiýa güýçlenip, öňünden käbir wakalary duýup bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar bu hepde maliýe babatda üstünlik gazanyp bilerler. Girdejileriň artmagy köp wagtlap arzuw edilen zatlary satyn almak mümkinçiligi dörär.Şeýle hem gündelik tertip-düzgüni gowulandyrmak üçin amatly wagt. Saglygy berkidýän çäreler iýmit tertibini üýtgetmek peýdaly bolar. Maksada okgunlylyk siziň üstünligiňiziň esasy açary bolar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar bu hepde döredijilikde sportda ýa-da sungatda üstünlik gazanyp bilerler. Emosional we fiziki ýagdaýyňyz gowulyga tarap gider.Sahnada çykyş etmek, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmak üstünlikli geçip biler. Söýgi gatnaşyklary hem güýçlenip, dünýäni has aýdyň görmäge mümkinçilik berer.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar bu hepde ýekelikde dynç almak isläp bilerler. Öz içki dünýäsini tertiplemek, pikirlerini jemlemek üçin amatly wagt. Hepdäniň ahyrynda maşgalaňyzda aragatnaşykda rahatlyk, goldaw we düşünişmek dörär. Öý işleri, abatlaýyş we tertipleşdiriş işleri üstünlikli geçer. Maliýe taýdan ýagdaý has gowy bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler bu hepde täze tejribelere eýe bolarlar. Dogan-garyndaşlar, goňşular we dostlar bilen gatnaşyklar güýçlenip biler.Ýakynlaryňyz bilen  söhbetdeşlik köp bolup, peýdaly maglumatlar alarsyňyz.Okuw işleri üstünlikli geçip biler. Maşgalaňyz bilen dynç alyş çärelere gatnaşmak şatlyk berer.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Daluwlar bu hepde arzuw edýän maksatlaryna ýetip bilerler. İşde üstünlik gazanyp gymmatly  bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.Karýerada ösüş, maliýe mümkinçilikleriniň giňelmegi ähtimal. Öýde amatlylyk döretmek, zerur zatlary satyn almak üçin amatly wagt.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlar bu hepde bäsleşiklerde, sport çärelerinde üstünlik gazanyp bilerler.Okuwda öňegidişlik bolar.Intellektual işjeňlik, jogapkärçilik güýçlener. Täze tanyşlyklar peýda bolar.  Şeýle hem hepdäniň ortalarynda  ajaýyp iş tekliplerini alyp bilersiňiz.

 

 

Ýene-de okaň

24-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama