SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2025;Hepdelik täleýnama (01-njy-07-nji dekabr )

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu hepde Hamallar üçin täze mümkinçilikleriň döreýän, öňe gidişligiň artýan döwrüdir. Iş ýeriňizde ýüze çykjak täze teklipler siziň geljekki maksatlaryňyza gowy ýol açar.Maliýe  meselelerinde  gapma-garşy çykdajylardan gaça duruň.Hepdäniň ahyrynda   ýakynlaryňyzyň goldawyny duýarsyňyz.Sabyrly hereket etmek size köp peýdalary getirer.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Hepdäniň dowamynda Sowurlar möhüm meseleleri üstünlikli çözmegi başararlar.Pikirlenip hereket etmek ähli ugurda netijeleri güýçlendirer. Hepdäniň ahyrynda maliýe ýagdaýyňyz durnuklylygy we  ünsi talap eder.Maşgala gatnaşyklaryňyzda parahatçylyk güýçlener.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalar üçin maglumatlara, gepleşiklere we täze tanyşlyklara baý hepde garaşýar.Iş ýeriňizde  täze pikirleriňiz teklipleriňiz kabul ediler we öňe gidişlik artar.Hepdäniň ortalarynda çykdajylaryňyza üns bermeklik  maslahat berilýär.Ýakynlaryňyz dost-ýarlaryňyz  bilen gatnaşyklaryňyz  güýçlener.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar üçin  bu hepde duýgy taýdan durnukly hem döredijiliklidir. Siz köp wagt bäri çözmeli bolan meseleleriňize çynlakaý çemeleşip bilersiňiz.Işiňizde  üstünlikli ösüşler bolmagy  ähtimal.Hepdäniň ahyrynda ýakyn adamlaryňyzyň  goldawlaryny alarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetler bu hepde öňe gidişlik we özlerini görkezmek bilen tapawutlanarlar. Iş  ýeriňizde jogapkärçilikli we üstünlikli günler garaşýar.Hepdäniň ortalarynda maliýa  girdejiňiziň artmagy mümkin.Maşgala  gatnaşyklaryňyzda  düşünişmek möhümdir.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleleriň hepdesi tertipli, netijeli we döredijilikli geçer.Ähli meseleleriňizi üstünlikli dogry çözüp bilersiňiz.Hepdäniň ahyrynda  ýakyn adamlaryňyz  bilen düşünişmek maslahat berilýär.Tertipli  hereket  etmek size peýda getirer. 

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar üçin bu hepde duşuşyklar, gepleşikler we jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen baý geçer.Täze hyzmatdaşlaryňyzyň döremegi mümkin.Maliýa meseleleriňizde  öňe gidişlikler  bolar.Ýakynlaryňyz bilen parahatçylykly asuda aragatnaşyk saklamak möhümdir.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar üçin güýçli, netijeli we döredijilikli hepde garaşýar.Iş ýeriňizde  çäkli mümkinçiliklerden hem peýdaly netijeleri çykaryp bilersiňiz.Maliýe  girdejileriňizde  gowulaşmalar peýda bolar. Şeýle hem ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz durnuklaşar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar  üçin bu  hepde ruhy taýdan ýeňillikleri  getirer.Şeýle hem  işde durmuşda täze başlangyçlar üçin amatly döwür bolar.  Maliýa meseleleriňizde  durnuklylyk peýda bolar.Hepdäniň ahyrynda gatnaşyklar güýjeýän täze tanyşlyklar  mümkin.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01) 

Jedileriň  hepdesi jogapkärçilikli we işjeň geçer.Işde täze taslamalar üstünlikli dowam eder.Maliýe  işleriňizde oňyn ösüşler bolup biler.Ýakynlaryňyz bilen sabyrlylyk gatnaşyklarda uly rol oýnar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Daluwlar üçin döredijilik we öňe gidişlik  ählitaraplaýyn artar.Iş ýeriňizde  täze mümkinçilikler teklipler çykyp biler.Maliýa meseleleriňizde  peýdaly teklipler ähtimal.Hepdäniň ahyrynda maşgala gatnaşyklarynda düşünişmezlikler peýda bolup biler.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

 Hutlar üçin hepde mylaýym, döredijilikli we parahatçylykly geçer.Durmuşda işde ünsli hereket etmek üstünlik getirer. Şeýle hem maliýa  çykdaýjylaryňyzda  gowulaşmaga mümkinçilikler bolar.Ýakynlaryňyz bilen sazlaşyk artar.

 

Ýene-de okaň

02-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

01-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama