DÜNÝÄ

2020-nji ýylyň iň gowy markalary yglan edildi

1974-nji ýylda esaslandyrylan, marka maslahat berýän marketing firmasy bolan “Interbrand”, 2020-nji ýyldaky iň gowy global markalarynyň sanawyny yglan etdi. Bu sanawyň ilkinji onlugynda tehnologiýa kompaniýalary öňde baryjylygyny subut etdiler. Sanawyň birinji oruny häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat markalaryň biri hasaplanylýan, dünýä belli “Apple” markasy eýelemegi başardy. Ikinji orunda bolsa dünýäde onlaýn satuw söwdasy boýunça tanalýan we ägirt uly kompaniýa bolan “Amazon” markasy ýerleşdi. Ilkinji üçlikde bolsa “Google” kompaniýasyny ozup geçen Amerikanyň “Microsoft” kompaniýasy ýerleşmegi başardy.

Pandemiýa döwründe ulanyjysynyň sany artan “Zoom” we elektrik awtoulag öndürýän “Tesla” kompaniýalary hem bu sanawa düşmegi başardylar. Şeýle hem bu sanawda “Instagram”, “Google”, “Youtube” markalary bolsa degişlilikde öz orunlaryny eýelediler. Emma “Amazon”, “Spotify” we “Netflix” sanawda iň çalt ösýän markalara öwrüldiler.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler