JEMGYÝET

2020-nji ýylyň iň gowy etraby belli edildi

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylda ýurdumyz boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeler gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Bu babatda degişli topar tarapyndan işler geçirildi. Basleşigiň netijelerini jemlemek boýunça geçirilen işlerde käbir ugurlar boýunça görkezijilere seredildi.Hususan-da, galla we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş goraglylygy hem-de iş bilen üpjün edilişi, sagdyn nesilleri taýýarlamak, sagdyn-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak meseleleriniň üstünlikli çözülişi ýaly ugurlara seredildi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça topar 2020-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ada eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ada eýe bolan Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligine 1 million ABŞ-nyň dollary möçberinde pul sylagy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda 2021-nji ýylda hem ýurdumyzyňiň gowy etrabyny saýlamak hakyndaky bäsleşik yglan edildi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary giňelder

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary

Türkmenistan «Buig» kompaniýasy bilen sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýar